ÝB migrant krizisi sebäpli Belarusa garşy sanksiýalary güýçlendirýär

ÝB migrant krizisi sebäpli Belarusa garşy sanksiýalary güýçlendirýär

Ýewropa Bileleşiginiň agzalarynyň daşary işler ministrleri bileleşigiň gündogar serhedinde migrantlaryň gelmegi bilen baglanyşykly dörän dartgynlylygyň güýçlenýän wagtynda Belarusa garşy täze sanksiýalar toplumyny kabul eder.

15-nji noýabrda Brýusselde geçirilýän ýygnakda ministrleriň awtoritar belarus prezidenti Alýaksandr Lukaşenka we onuň režimine, şeýle-de Belarusyň we Polşa, Latwiýa we Litwa arasyndaky serhetlerde gapma-garşylygyň döremegine gatnaşygy bolandygy aýdylýan şahsyýetlere we kompaniýalara garşy sanksiýalary düzgünleşdirer. Bu ýurtlar 27 agzaly ÝB-niň we NATO-nyň gündogar bölegini emele getirýär.

Aktiwleriň doňdurylmagyny we syýahat gadagançylygyny öz içine alýan çärelere sezewar ediljek şahsyýetleriň ýakyn günlerde atlandyrylmagyna garaşylýar.

Esasan Ýakyn Gündogardan gelen müňlerçe adam Belarusyň serhedinde döredilen lagerlerde agyr şertlerde saklanýar we ÝB ýurtlaryna geçmäge synanyşýar. Brussel Lukaşenkany migrantlary blogyň serhetlerine getirip, Belarusyň geçen ýylky jedelli prezident saýlawlaryndan soň günbataryň Lukaşenkanyň režimine garşy girizen sanksiýalary üçin ar almaga synanyşmakda aýyplaýar.

Russiýa tarapyndan goldanýan Lukaşenkanyň hökümeti ÝB-niň aýyplamalaryny ret etdi we blogy gaçybatalga soraýan migrantlary ret etmek bilen adam hukuklaryny bozmakda aýyplaýar.

Germaniýanyň Daşary işler ministri Heiko Maasyň Brýussele baran soň aýtmagyna görä, Lukaşenka özüne garşy "ähli sanksiýalary aýyrmagy" talap edipdir.

“Bu gün jogabymyzy bereris. Bosgunlary Ýewropa Bileleşigine basyş etmek üçin gural hökmünde ulanmagyň bu adamkärçiliksiz usulyna jogap hökmünde sanksiýalary hasam güýçlendireris "-diýip, Maas aýtdy.

Litwanyň Daşary işler ministri Gabrielius Landsbergis Belarusyň ähli howa meýdanlaryny migrant getirip biljek awiakompaniýalar üçin çäklendirmegi isledi we migrantlary Belarusdan Ýakyn Gündogara gaýtarmak üçin kömek bermegi teklip etdi.

"Minskiň howa menzilini uçuşlar üçin gadagan zona öwürmeli" - diýip, ol žurnalistlere aýtdy.

Bu aralykda, 15-nji noýabrda Lukaşenka Minskiň Belarusyň üsti bilen migrasiýa akymyny gurnaýandygyny inkär etdi we "ÝB täze sanksiýalar girizen halatynda özümizi gorarys" diýdi.

Şeýle hem, BelTa döwlet habar gullugynyň habaryna görä, Lukaşenka migrant krizisiniň "konflikte" öwrülmegini islemeýändigini aýtdy.

Ýewropa Bileleşigi 2020-nji ýylyň awgust aýynda Lukaşenkany yzly-yzyna altynjy möhletde galdyran galp prezident saýlawlary we ses berişlikden soň oppozisiýa hem parahatçylykly demonstrantlara garşy gören howpsuzlyk çäresi sebäpli Belarusa garşy dört tapgyr sanksiýa girizdi.

Migrant krizisine jogap hökmünde Polşa, Latwiýa we Litwa Belarus bilen serhetlerini güýçlendirýär. Polşanyň serhetçileri 15-nji noýabrda serhetiň beýleki tarapyndaky migrantlara buýruklary ýerine ýetirmeseler, olara garşy güýç ulanyp boljakdygyny duýdurdylar, Polşa we Litwa her gün 100-den gowrak adamyň girmäge synanyşandyklaryny habar berdiler.

Polşanyň premýer-ministri Mateusz Morawiecki 14-nji noýabrda beren interwýusynda NATO-ny migrant krizisini çözmek üçin "anyk ädimleri" ätmäge çagyrdy we özüniň hem baltiýa kärdeşleri bilen günbatar harby bileleşiginde gyssagly maslahat geçirip-geçirmezlik barada pikir alyşýandygyny aýtdy.

ÝB-niň sanksiýalaryna sezewar bolmagy çak edilýän guramalaryň hataryna girýän Belarusyň döwlet eýeçiligindäki awia kompaniýasy Belawiýa siriýalylaryň, yraklylaryň, ýemenlileriň we owganystanlylaryň Birleşen Arap Emirliklerinden gelmegini gadagan edendigini habar berdi.

Belawiýa 14-nji noýabrda öz web sahypasynda ýerleşdirilen dört ýurduň raýatlary üçin niýetlenen beýanatynda "BAE-niň ygtyýarly edaralary bilen gelnen karara laýyklykda" Dubaýdan Belarusa barýan uçarlarda agzalan daşary ýurt raýatlaryna gelmäge rugsat berilmejekdigini aýtdy.

Munuň öňüsyrasynda geçen hepde Belawiýa Ankaranyň haýyşy boýunça siriýalylara, yraklylara we ýemenlilere Türkiýeden gelýän uçurlarda gelmegini gadagan edipdi.

Geçen hepde Türkiýe Siriýanyň, Yragyň we Ýemeniň raýatlarynyň öz howa menzillerinden Belarusa uçmagyny gadagan etdi, Siriýanyň hususy gatnawy “Cham Wings Airlines” Belarusyň paýtagtyna uçuşlaryny togtatdy.

Yrakda hökümet 18-nji noýabrda Polşa-Belarus serhedinde "meýletin" esasda galan raýatlarynyň gaýdyp gelmegi üçin uçuşlary guraýandygyny aýtdy.

Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ahmed al-Sahaf Yrak telewideniýesinde eden çykyşynda Minsk-Bagdad uçaryna näçe adamyň münüp biljekdigini aýtmady.

Şeýle-de bolsa, Yrak serhetde galan raýatlarynyň 571-siniň "meýletin" gaýdyp gelmäge taýýardyklaryny hasaba alandygyny aýtdy.

Bagdad bilen Minskiň arasyndaky yzygiderli howa baglanyşyklary awgust aýyndan bäri togtadyldy.

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak üçin 15-nji noýabrda Bagdada gitmeli boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

NATO Ukraina Gelen Halatynda 3-nji Jahan Urşy Başlar
Lawrow Ukraina Bilen Gepleşikleriň Dowamynda Çaknyşyklary Bes Etmejekdiklerini Aýtdy
Samarkant sammiti öz işine başlady
Gurbanguly Berdimuhamedow TDG sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşýar
Berdimuhamedow türki ýurtlaryň garaýyşlarynyň dünýädäki syýasy ýagdaýlara täsir etmelidigini aýdýar
Türki Döwletleriň Guramasyna täze baş sekretar bellener