ÝB, Maýmyn Mama Keseliniň Sanjymyny Tassyklady

ÝB, Maýmyn Mama Keseliniň Sanjymyny Tassyklady

ÝB, maýmyn mama keseline garşy Daniýaly Bawarian Nordic firmasy tarapyndan öndürlen sanjymy tassyklady.

ÝB Komissiýasyndan berlen beýannama börä BAWA. Co tarapyndan öndürlen maýmyn mama keseliniň sanjymynyň satuwyna rugsat berildi.

Ýewropa derman senagaty gullugy geçen hepde hem ady agzalýan sanjymyň edilmegini maslahat beripdi.

Beýleki tarapdan ÝB-ne agza 27 ýurtda häzire çenli 8 müň 697 adamda maýmyn keseline gabat gelindi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 23-nji iýulda maýmyn mama keseli epidemiýasyny “howply” diýip yglan edipdi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy häzire çenli 175 ýurtda 16 müňden gowrak adamyň maýmyn mama keseli sebäpli hasaba alynandygyny we wirus sebäpli 5 adamyň ýogalandygyny mälim edipdi.

Ýene degişli makalalar

Işmetow Özbegistanyň Merkezi bankyna ýolbaşçy bellendi
Awstraliýa 450 Müň Doza Maýmyn Mama Sanjymyny Aldy
“Häzire Çenli Ýurdumyzda 5 Adam Maýmyn Mama Keseli Sebäpli Hasaba Alyndy”
Maýmyn Mama Keseline Ýoluganlaryň Sany 18 Müňden Geçdi
Bosniýa-Gersegowinada Maýmyn Mama Keseline Gabat Gelindi
Özbek edebiýaty: uzak geçmişden biziň günlerimize çenli