ÝB Eýrana Goşmaça Sanksiýa Goýdy

ÝB Eýrana Goşmaça Sanksiýa Goýdy

ÝB, Eýranda howa ýoly firmalary bilen birlikde käbir adamlara we guramalara sanksiýa goýulmagy boýunça karar kabul etdi.

ÝB, Eýrandan Russiýa uçarmansyz howa ulaglarynyň berilmeginden, Ýakyn Gündogar bilen Gyzyl deňiz sebitinde iş alyp barýan ýaragly toparlara raketalaryň we uçarmansyz howa ulaglarynyň berilmeginden jogapkär adamlara we guramalara täze sanksiýa goýulmagy boýunça karar kabul etdi.

Karara laýyklykda Saha howa ýollary, Mahan Air we Eýran howa ýollarynyň başda durmagynda Eýranly 3 howa ýoly firmasy sanksiýa sanawyna degişli edildi.

Eýranyň Goranmak ministriniň orunbasary Hamza Kalenderi, Ynkylap goragçylary goşunynyň ýokary çinli serkerdeleri bilen Eýranyň uçar önümçilik, awiasiýa we emeli hemra senagatynyň ýolbaşçylaryna sanksiýa goýuldy.

ÝB-niň sanksiýalary syýahat gadagançylygyny we sanawda ýer alýan adamlara we guramalara degişli emlaklaryň saklanmagyny öz içine alýar.

ÝB, Eýrana garşy Russiýa-Ukraina söweşinde resmi Moskwa goldaw berýändigi sebäpli sanksiýa goýupdy. 14-nji maýda hem Eýranyň 13-nji aprelde Ysraýyla guran hüjümi sebäpli sanksiýalaryň göwrümini giňeldipdi.

Ýene degişli makalalar

28-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Şotlandiýanyň Täze Premýer-ministri Hamza Ýusuf Kasam Edip Wezipesine Başlady
Terrorçy Mehmet Ýyldyrym Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Yragyň Iň Uzyn Köprüsi Çökdi
Asyryň Betbagtçylygyndan umytly habarlar gelmäge dowam edýär
Ysraýylly esgerler bir palestinaly çagany öldürdiler