Ýewropa Bileleşigi Belarussiýanyň hökümediniň bir ýolagçy uçaryny zor bilen gonduryp içindäki oppozisioner žurnalisti göz tussaglygyna alynmagyny ýazgardy we Belarussiýanyň mundan beýläk ÝB-niň howa giňişligini ulanmagyna rugsat bermejekdigini aýan etdi.
Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherindäki ÝB Liderler maslahaty dowam edýärkä, ÝB-niň resmileri liderleriň üstünde ylalaşyk gazanan bildirişiň Belarussiýa bilen bagly bölegini paýlaşdylar.
Şoňa laýyklykda liderleriň emele getiren ÝB Geňeşi, Afiny-Wilnýus saparyny amala aşyrýan ýolagçy uçaryň Belarussiýanyň paýtagty Minsk şäherine bomba bardygy bahanasy bilen zor bilen gondurylmagyny ýazgardy.
Geňeş ýolagçylaryň arasynda bolan we göz tussaglygyna alynan oppozisioner žurnalist Roman Pratasewiç bilen gyz tanyşynyň iň tiz wagtda azat edilmegini isledi.
Liderler wakany ozal görülip eşidilmedik we kabul edilmejek bir hadysa hökmünde häsýetlendirip, Halkara Raýat awiasia edarasynyň iň tiz wagtda derňew geçirmäge başlamagy barada çagyryş berdiler.
Liderleriň bildirişinde belarussiýaly resmileri we pudaklary öz düzüminde aljak täze sanksiýalaryň ýola goýulmagy, ÝB-ne degişli howa ýollary kärhanalarynyň Belarussiýanyň üstünden geçmezligi barada çagyryş berildi.
Bildirişde şeýle hem Belarussiýanyň howa ýollary kärhanalaryna ÝB-niň howa giňişliginiň gadagan edilmegi, şol kärhanalaryň uçarlarynyň ÝB-niň howa giňişligini ulanmagyna rugsat berilmezligi islendi.