Türkmenistan 12-nji dekabrda özüniň BMG tarapyndan ykrar edilen bitaraplyk statusynyň 29-njy ýyl dönümini belledi. Resmi media ýurduň bitarap pozisiýasyny daşary syýasatda gazanylan iň uly sepgit hökmünde wagyz edýär. Ýöne synçylar bu durumdan üzňelik guraly hökmünde peýdalanylýandygyny aýdýarlar.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda gazanylan bitaraplyk durumy öňki Sowet Soýuzynyň iň günortasynda ýerleşip, Owganystan, Eýran we Hazar deňzi bilen serhetleşen Türkmenistanda resmiler üçin parahatçylygyň kepili boldy.
Bu status bilen Türkmenistan halkara harby birleşmelerden, soýuzlardan arany açdy, şol bir wagtda, harby agressiýa duçar galan halatynda beýleki döwletlere, Birleşen Milletler Guramasyna ýüz tutmak hukugyna eýe boldy.
Türkmenistan özüniň bitaraplyk durumyna esaslanyp, halkara çaknyşyklarda tarap tutmazlygy, goşulyşmazlygy saýlap alýar we zerur bolanda diňe parahatçylyk we saklanmak çagyryşlary bilen çykyş edýär.
Ýurduň bitaraplyk syýasatyny öwrenýän synçylar, ylmy işgärler durnuklylygy we parahatçylygy saklamakda şeýle pozisiýanyň örän ähmiýetli bolandygyny nygtaýarlar. Ýöne şol bir wagtda, synçylar bu durumdan ýurdy daşarky dünýäden üzňeleşdirmegiň guraly hökmünde hem peýdalanylandygyny aýdýarlar.
Bilermenler Türkmenistanda ýyllarboýy üzňelik syýasatynyň alnyp barlandygyny tassyklaýarlar. Eýsem, bu syýasat halkyň aň-düşünje giňişligine, döredijilik dünýäsine edebiýata we sungata nähili täsir etdi?
Azatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri programmasy şeýle soraglar bilen Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Halla mikrofon uzatdy. Ýazyjy bu söhbetdeşlikde Türkmenistanda onlarça ýyl bäri dowam edýän üzňelige bitaraplyk syýasatynyň sebäp bolmandygyny düşündirdi, ýöne şol bir wagtda bu üzňeligiň edebi erkinlige we sungat giňişligine zyýan ýetirendigini aýtdy.