Ýazky at çapyşyk möwsümine badalga berildi

22-nji aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynda ýazky at çapyşyk möwsümine badalga berildi. Sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen bäsleşiklerdir görkezme çykyşlar, şowhunly aýdym-sazlar dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, zergärleriň döreden eserleriniň sergisi, türkmen gelin-gyzlarynyň milli el işleriniň taýýarlanylyşy baradaky görkezme çykyşlary dabaranyň täsirliligini has-da artdyrdy.

Ýazky at çapyşyk möwsüminiň ilkinji günündäki ýaryşlar ýetginjek çapyksuwarlaryň gatnaşmaklarynda guraldy. At çapyşyklarynyň jemi ýedisi geçirilip, olaryň ählisi-de müň metr aralykda boldy. Her çapyşyga üç ýaşar atlaryň 7-si goşuldy.

Ýetginjekleriň arasynda geçirilen birinji çapyşykda Inçe atly dor gysrak pellehana ilkinji bolup gelmegi başardy. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli. Aşgabat şäher häkimligine degişli bolan Oglan atly gara at ikinji çapyşykda öz ýeňşini baýram etdi.

Üçünji çapyşyk hem tolgundyryjy pursatlara baý boldy.Onda Gowluk atly dor at beýleki atlardan saýlanyp, pellehana ilkinji gelmegi başardy.Gudrat hem-de Ýaýla diýen atlaryň neslinden bolan Gowluk Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna degişli. 4-nji çapyşykda pellehana ilkinji bolup Gözel atly gara gysrak geldi.

Janköýerleriniň ynamyny ödemegi başaran Gözel Gözbaş hem-de Gülbahar diýen atlaryň neslinden bolup, ol S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine degişli.

Bäşinji çapyşyk hem turuwbaşdan janköýerlerde uly şowhun döretdi.Bir-birinden ýyndam bedewleriň arasynda geçirilen bäsleşik toýçy mähelläniň şatlygyny artdyrdy.Bu çapyşykda Rowagül diýen dor gysrak pellehana ilkinji geldi.

Parasatly hem-de Rowaç diýen atlaryň neslinden bolan Rowagül Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli. 6-njy çapyşykda Gojadaga taý tapylmady.Gözegçi hem-de Saýlanar diýen atlaryň neslinden bolan Gojadag Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna degişli.

Jemleýji — ýedinji çapyşyk beýlekilerden has-da täsirli boldy.Bu çapyşykda ýeňiş ugrundaky göreş, esasan, Belent diýen dor atyň, Gülparça diýen gurt mele gysragyň, şeýle-de Aýmonjuk atly gara gysragyň arasynda boldy. Çapyşyga gatnaşýan atlar pellehana tarap dogry ýola düşenlerinden soň, esasy bäsleşik Belent bilen Gülparçanyň arasynda dowam etdi.

Pellehana soňky metrler galanda, Belent dyzynyň kuwwatyny görkezip, janköýerleriň ynamyny ödemegi başardy.Bereket hem-de Gülýaprak diýen atlaryň neslinden bolan bu at Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişlidir.

23-nji aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynda ussat çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşyklaryň ýedisi geçirilip, olaryň hersine atlaryň 7-si gatnaşdyryldy.Ilkinji üç çapyşyk üç ýaşar atlaryň arasynda 1600 metr aralyga guraldy.

Birinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Genjaý atly mele at pellehana ilkinji gelmegi başardy.Ol Gündogar hem-de Gülşirin diýen atlaryň neslindendir.Ikinji çapyşykda Maksatly diýen gara at bäsdeşlerinden öňe saýlandy.

Ol I.Aşyralyýewiň hojalygyna degişli bolup, çapyksuwary ussat çapyksuwar M.Seýidow. Üçünji çapyşykda bolsa Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Bäherden atçylyk hojalygyna degişli bolan Ýazsona diýen dor gysraga taý tapylmady.

Dördünji we beýleki at çapyşyklary 1800 metr aralyga geçirilip, olara dört hem-de uly ýaşar atlar gatnaşdyryldy. Dördünji hem-de bäşinji çapyşyklarda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Goňurbaş bilen Şägirt-2 pellehanadan ilkinji bolup geçmegi başardylar. Altynjy çapyşykda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna degişli bolan Abraýly diýen al ata ýeňiş ýaran boldy.

At çapyşyklaryna tomaşa edýän janköýerlerde uly şowhun döreden jemleýji — ýedinji çapyşyk has-da täsirli boldy. Aýratyn hem, Begzada bilen Tejen atly dor atlaryň arasyndaky dartgynly pursatlar toýçy märekede uly gyzyklanma döretdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bu bedewleriň arasyndaky çekeleşikli pursatlarda Begzada pellehanadan ilkinji bolup geçmegi başardy. Ol Bahreýn hem-de Armyt diýen atlaryň neslindendir.

Ýaryşlarda ýeňiş gazanan atlaryň üstünligi toýa gelen dilleri senaly, hormatly ýaşulularyň ýagşy dilegleri bilen dabaraly ýagdaýda mübäreklendi. Olara sylag-serpaýlar ýapyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda ýazky at çapyşyk möwsümine badalga berildi
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaşulularyň halkara güni bilen gutlady
14-15-nji dekabrda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
Hazar dostluk hem-de hyzmatdaşlyk deňzi
Döwletliler köşgünde we Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdebiň binasynda düýpli abatlaýyş işler geçiriler
Türkmenistanda çagalaryň dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyryna badalga berildi