2-nji aprelde Milli Geňeşiň aşaky öýi Mejlisiň altynjy çagyrylyşynda Ombudsman-täzeden saýlandy diýip TDH döwlet täzelikler gullugy maglumat berýär.
Ilkibaşda adam hukuklary boýunça ýörite wekil Ýazdursun Gurbannazarowa öz işleri barada hasabat berdi.Emma, TDH jikme-jik habar ýaýratmady.
Mundan soňra “Ombudsman barada” kanun boýunça deputatlara üç sany dalaşgär hödürlendi.
Emma, bellenmegine görä, maslahata gatnaşan deputatlaryň gizlin ses bermekleri netijesinde Gurbannazarowa täzeden Ombudsman saýlandy.
Türkmenistanyň Ombudsmanynyň edarasy öz işleri barada her ýyl hasabatlar çap edýär. Olarda “döwlet adam hukuklary boýunça borçnamalaryny berjaý edýär” diýilýär.
Şol hasabatlarda ýurtda söz, din ,hereket,ýygnak azatlyklarynyň we beýleki ynsan hukuklarynyň gödek bozulýandygy barada agzalmaýar.
“Adam hukuklary boýunça Türkmen Inisiatiwasynyň” (“Türkmenistanyň Hronikasyny” neşir ediji) Ombudsmana birnäçe ýüzlenmesi jogapsyz galdy.
Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň ýüzlenmeleri kabul edilmeýär.
Olaryň birine Ombudsmanyň edarasynyň işgäri kömek etmekden ýüz öwürip, “adam hukuklary boýunça ýörite wekiliň edarasyna işgärleriň alynmasy doly tamamlanmady, arzalar bolsa köp” diýipdir.The post Ýazdursun Gurbannazarowa täzeden Ombudsman saýlandy, beýleki dalaşgärleriň atlary KHS-de yglan edilmedi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.