Ýaşyl seýilgähler dörediler

Häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurtlarynda ýaşyl ykdysadyýeti ösdürmek hem-de daşky gurşawyň arassalygyny we ekologiýany gorap saklamak maksady bilen, düýpli işler durmuşa geçirilýär.Bu bolsa biziň ýaşaýan tebigy gurşawymyzyň geljekki nesillerimize ýoýulmazdan, tebigy ýagdaýynda ýetirmek hem-de bütin adamzadyň geljekdäki bagtly ýaşaýşynyň özeni bolan — tebigatyň baýlyklaryny gorap saklamak maksadyndan ugur alýar.

Hut şu maksat bilen, düýpli özgertmelere eýerýän ýurtlaryň biri-de Özbegistandyr. Ýurduň umumy meýdanynyň 7,3%-i tokaýlar bilen örtülendir. Ýurduň tokaý gaznasy 4,5 million gektardan ybaratdyr.

Özbegistanda döwlet tokaý gaznasynyň, takmynan, 86 göteriminiň sähra sebitlerinde ýerleşýändigi sebäpli, tokaý döretmek işlerini güýçlendirip, goralýan tokaý meýdanlarynyň döredilmegini ýokarlandyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Respublikanyň çägini has-da abadanlaşdyrmak we ekologiýa arassaçylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, 2022-2024-nji ýyllarda Garagalpagystan Respublikasynyň 186 sebitinde ýaşyl seýilgähler köpeldiler. Şeýle-de 584 gektar meýdanda “Ýaşyl baglar” dörediler. Ýurduň çäginiň 1082 gektar meýdanynda täze “Ýaşyl jemgyýetçilik seýilgählerini” açmak boýunça işler alnyp barylýar.

Tokaýlarda, esasan hem, katalpa, ýapon sogan, geliçiýa, weli, linden, tut, akja, kaştan, linden, dub, akasiýa ýaly ýurduň howa şertlerinde ösmäge ukyply hem-de gyrymsy agaçlary oturtmaga aýratyn üns berilýär.

Wepamyrat HOJAMYRADOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Onlarça etnik özbek studenti türkmen-özbek serhedinden geçirilmedi
Garagalpak Türkçesi
Özbegistanda dünýäde iň iri ýel elektrik stansiýasy peýda bolar
Jumasapar Dädebaýewiň işi: aktiwist ogurlanandygyny we psihotropiki serişdeleriň ulanylandygyny aýdýar
Türkmenistanda ýokary bilim almak has kynlaşýar
Özbegistanyň we Gazagystanyň howa maglumatlary merkezleri Türkmenistan bilen serhetdäki welaýatlarda jokrama yssy boljakdygyny duýdurýarlar