“Ýaşyl” ammiak import eder

Germaniýa 2026-njy ýyldan başlap, Saud Arabystandan “ýaşyl” ammiak” import eder.Energiýa üpjünçiligini difersifikasiýa etmek isleýän Germaniýada “Air Products” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Gamburgda ilkinji “ýaşyl” ammiak import terminalynyň gurluşygyna başlandy.

Bu desgada 2026-njy ýyldan başlap, Saud Arabystanyndan import ediljek “ýaşyl” ammiagy kabul eder. “Air Products” kompaniýasy arassa çeşmelerden alnan energiýadan ammiak öndürer.Bu ammiagyň uly bölegi wodoroda öwrülmek üçin Germaniýadaky müşderilere ýetiriler.

Şeýle hem Müsüriň Sues kanaly ykdysady zolagynda kuwwaty 2 GW bolan “ýaşyl” wodorod taslamasyny durmuşa geçiriler. Bu ýerde 2030-njy ýyla çenli 480 müň tonna “ýaşyl” wodorod öndürilmegi maksat edinilýär.

Mundan başga-da Müsür “AMEA Power” kompaniýasy bilen önümçilik kuwwaty 1 GW bolan “ýaşyl wodorod taslamasyny durmuşa geçirmek üçin ylalaşyk gazandy.

Döwrangylyç Purryýew, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy

Ýene degişli makalalar

Hepdäniň täze animasiýalary
1-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmen kompaniýalary Dubaýdaky tebigy we organiki önümleriň halkara sergisine çagyrylýar
Jeýms Bonduň täze filminiň görkeziljek wagty 2-nji gezek süýşürildi
Hepdäniň täze filmi
Diwersifikasiýalaşdyrmak we sanly ulgama geçmek Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatyny artdyrmagyň strategiýasydyr