Ýaşy 3 ýyl bolan iň ygtybarly awtomobiller belli edildi

Ýaşy 3 ýyl bolan iň ygtybarly awtomobiller belli edildi

J.D.Power and Associates amerikan kompaniýasynyň hünärmenleri üç ýaşly awtomobillere eýe bolan 30 000 adamdan pikir soraşmanyň esasynda derňew geçirdiler. Olardan soňky ulanylyş ýylynda ýüze çykan meseleler barada birnäçe soraglara jogap bermek haýyş edildi. Pikir soraşmanyň esasynda hünärmenler her markanyň 100 awtomobiline düşýän kemçilikleriň ortaça sanyny görkezýän reýtingi düzdüler. Bu barada tarantas.news habar berýär.

Şeýlelikde, üç ýaşly awtomobilleriň arasynda iň ygtybarlysy Lexus modelleri boldy.Pikir soraşmanyň netijesinde, Ýaponiýanyň bu markasynyň her 100 awtomobiline 81 näsazlygyň düşýändigi anyklandy.Ikinji orunda Porsche markasy (100 awtomobile 86 näsazlyk) ýerleşdi.

Liderleriň üçlügini 100 awtomobil üçin 97 kemçilik görkezijisi bilen Koreýanyň Kia kompaniýasy jemleýär.Mundan başga-da, Toyota we Buick hem, degişlilikde, 98 we 100 görkeziji bilen ilkinji bäşlige girdi.

Onluga 100 kemçilik bilen Cadillac, Hyundai (101), Genesis (102), Lincoln (106) we Acura hem (108) girýär.

Has köp näsazlyk Land-Rover awtomobillerinde ýüze çykaryldy 100 awtomobil üçin 244 kemçilik. Şeýle-de, Alfa Romeo we Jaguar ýaly kompaniýalar hem, degişlilikde, 196 we 186 görkeziji bilen sanawyň iň aşagynda ýerleşdi.

Pikir soraşmanyň dowamynda awtomobil eýeleriniň, esasan, multimediýa toplumynyň we köp sanly sürüjä kömek ulgamlarynyň işine nägilelik bildirýändigini anyklamak başartdy. Şol bir wagtyň özünde, awtosöýüjiler üç ýaşly ulaglarda mehaniki näsazlyklardan seýrek zeýrenýärler.

Ýene degişli makalalar

Toyota Land Cruiser 300 we Lexus LX üçin sargytlary kabul etmegi togtatdy
Lexus nobata duranlaryň ummasyzdygy sebäpli LX-e we NX-e sargyt almasyny bes etdi
Toyota Tundra IIHS synaglarynda aňrybaş howpsuzlyk reýtingini gazandy
Ýylyň iň gowy awtomobili 2022 bäsleşiginiň finalçylary belli boldy
Toyota dünýäde satuwy boýunça Volkswagen-den 1 mln ulag öňe geçdi
Has rahat oturgyçly täze awtomobilleriň sanawy düzüldi