Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň saýtynda ýerleşdirilen Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy elektron ylmy-köpçülikleýin žurnalyň täze sanynda ykdysadsyýet, hukuk, ekologiýa, lukmançylyk we lingwistika ýaş alymlaryň 40-dan gowragynyň işleri çap edildi. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr neşiri habar berýär.
Žurnalda sanly ulgam, innowasion tehnologiýalar, bazar ykdysadyýetiniň ösüşi, ekologiýa syýasaty, energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri, Türkmenistanda intellektual eýeçilik ulgamynyň ösüşi, milli miras we ş.m. meseleler bilen baglanşykly dürli temalardan makalalar neşir edildi.
J. Öräýewanyň Sanly hukuk — jemgyýetiň ygtybarly kepili, M. Şükürowanyň, T.Mämmedowyň Himiýa dersini okatmakda sanly tehnologiýalary ulanmagyň ähmiýeti, B.Jumaýewiň, H.Annagurbanowyň Ýaş alymlar geňeşiniň işini netijeli guramak üçin niýetlenen sanly gurşawyň taslamasy ýaly işleri sanlylaşdyrmagyň dürli ugurlaryna bagyşlsanypdyr. Ş.
Kurbanowyň Ekologiýa syýasaty we milli kanunçylyk, G.Hommadowanyň Halkara hususy hukugy: Türkmenistanda intellektual eýeçilik hukugynyň ösüşi makalalarynda hukuk meselelerine garalýar.
R. Nurmyradowyň Bazar ykdysadyýetinde ulag logistika ulgamyny kämilleşdirmegiň ýollary, A. Saparberdiýewiň Dag eteklerindäki ilatly ýerleri sil suwlaryndan goramagyň usuly, P. Gulmyradowyň, Ş. Geldiýewiň, P. Işanowyň Kärhanalarda we guramalarda netijeliligi ýokarlandyrmakda motiwasiýanyň ähmiýeti, M. Daňatarowanyň, M. Agaýewanyň Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini elektrik stansiýanyň bazasynda bitewi agregatlaryň kömegi bilen peýdalanmagyň ähmiýeti we beýlekiler ylmy-amaly häsiýetli makalalardyr.
H. Jumakowanyň Arduino Nano esasynda 3D lazer skanirlerýji enjamynyň ýasalyş tehnologiýasy, N. Kurbanalyýewiň, A. Egemberdiýewanyň Ekstraksiýa esasynda mekge krahmalyndan bioplastik materialy almagyň innowasion tehnologiýasy, R. Begmyradowyň, S. Nuryýewiň, K. Ryzaýewiň Türkmenistanda gowaça çöpünden ekologiki taýdan arassa bioetanolyň öndüriliş tehnologiýasy, S. Gedaýewiň. O. Rozyýewanyň, M. Ýergeşowyň Buýan ekstraktyny fitohimiki seljermek boýunça geçirilen barlaglar ýaly işleri hünärmenler üçin gyzykly bolar.
Y. Şamämmedowyň XIX asyryň ahyrynda — XX asyryň başlarynda türkmen çagalarynyň saz gural oýnawaçlary, M. Halmuhammedowanyň Türkmen halkynyň guýy gazmak sungaty bilen baglanyşykly gadymy däp-dessurlary, G. Çaryýewanyň Türkmen we pars dillerinde däp-dessurlara degişli adalgalar, B. Mämmedowanyň, B. Çakanowanyň Bitarap Türkmenistanyň Russiýa bilen medeni gatnaşyklary we beýleki işler okyjylarda uly gyzyklanma döredýär.