Ýaşlar ýurdumyzyň geljegi

Ýaş nesil hakyndaky alada ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde beden taýdan sagdyn, bilimli ýaş nesli terbiýelemäge, olaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin iň gowy şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär.

Watanymyzyň daýanjy bolan ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi üçin dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryny ulgama ornaşdyrmakda uly üstünlikler gazanylýar.Döwlet Baştutanymyz ylym, bilim, hünär, terbiýe meselelerinde uly wezipeleri öňde goýýar. Ýaş nesle berilýän bilimiň hili şahsyýetiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün edýär.

Munuň özi ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebap ösdürmekde alnyp barylýan işleriň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Ýurdumyzyň ösüşlerini mundan beýläk-de artdyrmak ýaş nesillere ynanylýar. Ösüşler bolsa täze pikirleri talap edýär.Täze pikirler bolsa hemişe sagdyn, ruhubelent, zähmetsöýer adamlara mahsus häsiýetdir.

Bilim almak, hünär öwrenmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda berk eýerip gelen durmuş kadasydyr.Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bagtyýarlygyň we rowaçlygyň gözbaşy bolan ylym-bilim döwletimiziň ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan esasy ulgamydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimiň we ylmyň jemgyýetimiziň döredijilik güýjüniň binýady hökmünde yzygiderli kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda Ýaş robototehnikaçy atly bäsleşik geçirildi.

Bäsleşige ýurdumyzyň umumy bilim berýän mekdepleriniň 7-12-nji synplarynda okaýan mekdep okuwçylarynyň 100-den gowragy özleriniň taslama işleri we robotlary bilen gatnaşdylar.Gyzykly geçen bäsleşikde okuwçylar Akylly öý taslama-döredijilik we robototehnika ugry boýunça ýaryşdylar.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň adyndan sowgatlar we minnetdarlyk hatlary, ýeňijilere bolsa gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän özgertmeler ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesil hakyndaky aladany hem öz içine alýar.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda bilimli nesli kemala getirmek, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, döwrebap bilim-terbiýe berilmegini gazanmak ileri tutulýan ugurlar bolup durýar. Ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi, döretmegi, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, kämil hünärli adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz egsilmezdir.

Käbe KAKAJANOWA, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy. /* custom css */ .td_uid_15_6752e9a10379e_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6752e9a10379e_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Asylly işler rowaçlyklara beslenýär
Gökdepede Gurbanguly Berdimuhamedowyň Käbä zyýaratyna bagyşlanyp sadaka berildi
Ahal welaýatyň baş metjidiniň gurluşygyna badalga berler
Arkadag şäherinde Baş metjidiň ýanynda okuw medresesi-de gurlar
Saud Arabystany haj wagty COVID-çäklendirmeleri ýatyrmakçy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny