Ýaşlar Watanymyzyň geljegi

Halkyň Arkadagly zamanasy ýyly bedew bady bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şu günki ýaşlaryň nurana geljegini kepillendirýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen mejlisinde kabul edilen 30 ýyllyk maksatnama türkmen ýaşlaryna bagtly geljegi buşlaýar. Şol bagtly geljegiň binýady bolsa hut şu günlerden tutulýar.

Gahryman Arkadagymyzyň türkmen ýaşlarynyň döwrebap derejede bilimli we hünärli bolmagy üçin döredip beren şertleri ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiz tarapyndan dowam etdirilýär.Arkadagly Serdarymyz iň ýokary döwlet wezipesine saýlanansoň geçiren ilkinji Hökümet mejlisinde milli ylym we bilim ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmegi, hususan-da, ýokary hünärli ýaş işgärleri alymlaryň täze neslini taýýarlamagy, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegi berkarar döwletimiziň özgertmeleri amala aşyrmak syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesil üçin edilýän aladalara ýurdumyzyň karz edaralary hem öz mynasyp goşandyny goşýarlar. Türkmenistanyň Daýhanbank döwlet täjirçilik banky hem ýaşlaryň bilim almaga höweslenmegini, olaryň hünärleriniň kämilleşmegini nazarda tutup, öz müşderilerine Talyp karzy atly bank karzyny hödürleýär.

Talyp karzy ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň diňe degişli okuwynyň tölegini tölemek üçin nagt däl görnüşinde berilýär. Müşderiler öz islegine görä, karzyň doly möçberini ýa-da bölekleýin alyp bilerler.

Karzyň bu görnüşinden peýdalanmak üçin ýüztutmalary onlaýn görnüşinde berip bilerler. Munuň üçin bankyň www.dayhanbank.gov.tm resmi saýtyna girmek we degişli öýjükleri doldurmak ýeterlikdir.

Ýeri gelende aýtsak, öz işlerini barha döwrebaplaşdyrýan Türkmenistanyň Daýhanbank döwlet täjirçilik banky öz müşderilerine karzlaryň dürli görnüşlerini hödürleýär. Ýeňillikli usulda we uzak möhletleýin berilýän karzlar boýunça bank bilen hyzmatdaşlyk saklaýan müşderilerimiziň sany ýyl-ýyldan artýar.

Bankda we onuň müşderilerinde hasaplaşygyň nagt däl görnüşi boýunça hem baý tejribäniň toplanandygyny aýtmak gerek.Nagt däl hasaplaşygy höweslendirmek maksady bilen, bank Keşbek hyzmaty yzygiderli ýerine ýetirýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda goýlan maksatlar, ýetilmeli belent sepgitler her birimiziň jogapkärçiligimizi artdyrýar. Geljekde hem ýurdumyzda alnyp barylýan döwletli işlere mynasyp goşant goşup zähmet çekmek karz edaralarynyň işgärleri üçin belent mertebedir. Işlerimize ýakyndan goldaw berýän, olaryň dünýäniň ösen talaplaryna laýyk gelmegi üçin aladalanýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik bolmagyny arzuw edýäris!

Altyn Durdyýewa,

Türkmenistanyň Daýhanbank döwlet täjirçilik bankynyň Amallara gözegçilik we maliýe monitoringi bölüminiň baş hünärmeni.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabatda bankomat sany azaldy, nobatlar köpeldi
Türkmenistanlylar öz gazanjyny nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýärler
2022-nji ýylda Türkmenistanyň banklary 38 milliard manatdan gowrak karz berdi
Aşgabatda 4000 orunlyk köpugurly medeni merkez gurlar, Türkmenistanly dalaşgärler giriş synaglaryna taýýarlanýarlar, Türkmenistan BMG Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda möhüm başlangyçlary öňe sürer we beýleki habarlar
Türkmenbaşynyň bankomatlarynda ýene-de nagt pul ýok
Döwrebap bank hyzmatlary