Ýaşlar syrly älem dünýäsinde

Ýaşlar syrly älem dünýäsinde

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet Uniwersitetiniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Ýaşlar syrly älem dünýäsinde atly göçme okuw sapagy geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar ýaşlary ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň-röwşen geljegimiziň hatyrasyna amala aşyrylýan beýik işlere gowy okamak, çuň bilim almak we hünär öwrenmek bilen jogap berip, Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolmaga çalyşýarlar. Mähriban halkymyzyň, Berkarar Watanymyzyň beýik geljegi üçin okamak, öwrenmek ýaşlaryň mukaddes borjudyr.

Obserwatoriýa otagynda geçen bu göçme okuw sapagynda hem talyplar nazaryýetde alan bilimlerini tejribede özleşdirip, teleskop enjamy arkaly asman jisimlerine gözegçilik etdiler hem-de birnäçe hasaplamalar geçirdiler.

Çäräniň ahyrynda bagtyýar ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmagy ugrunda uly tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda "Magtymguly Pyragy - asyrlaryň paýhasy" atly sebitiara onlaýn-konferensiýa geçirildi
Türkmenistanda Filologiýanyň meseleleri žurnalynyň ikinji sany çapdan çykdy
TÜRKMEN EDEBIÝATYNYŇ NUSGAWY WEKILLERINIŇ DÖREDIJILIGINDEN
BAGTYÝAR NESILLER-ÝURDUŇ GELJEGI
DÖWÜR BILEN AÝAKDAŞ
ENE GÖZELLIGI-DURMUŞ ÝÖRELGESI
DURMUŞYŇ MANYSY EZIZ KÖRPELER