Şu gün Aşgabat şäher häkimliginiň Mekan köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz gurultaýa gatnaşyjylara we ýurdumyzyň ähli ýaşlaryna Gutlagyny iberdi. Gutlagda: Ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn pikirlenmäge ukyply nesil döwletiň hem, milletiň hem geljegi hasaplanýar. Ýaşlaryň aň-düşünje, beden taýdan sagdyn, hünärine ezber, saýlap alan ýoluna yhlasly bolmagy üçin döredilýän mümkinçilikler örän uly we olara bildirilýän ynam hem ýokarydyr diýip nygtalýar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyna guramanyň işjeň agzalarynyň, ýaşlaryň 400-den gowragy gatnaşýar.Onda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň möhüm ugurlaryna seretmek göz öňünde tutulýar.
Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak bu nobatdaky gurultaýyň gün tertibinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat diňlenilip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe guramanyň öňünde durýan täze wezipelere seredilýär. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşi tarapyndan işlenilip taýýarlanylan Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini tassyklamak bilen bagly meseleler hem gurultaýyň gün tertibiniň üns merkezindedir.
Forumyň gün tertibi tassyklanylandan soňra, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ý.Öwezberdiýew geçen gurultaýdan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada çykyş etdi.Hasabatda Ýaşlar guramasynyň 2019 — 2022-nji ýyllarda dürli ugurlar boýunça alyp baran işleriniň maglumatlary beýan edildi.
VII gurultaýyň mejlisiniň dowamynda oňa gatnaşyjylar guramaçylyk meselesine garadylar. Şunlukda, guramanyň täze ýolbaşçylary ― Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine Ýazpolat Keriýew, başlygyň orunbasary wezipesine Döwletgeldi Durdymuhammedow saýlanyldy.
Arakesmeden soň, gurultaýyň işine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz ilki ýörite guralan göçme sergä aýlanyp gördi. Soňra hormatly Prezidentimizden ýaşlar forumynyň wekilleriniň adyndan gurultaýda çykyş edip bermegi haýyş edildi.
Döwlet Baştutanymyz çykyşynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň eýeleýän orny, ýaşlar barada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, bu babatda milli kanunçylygy kämilleşdirmek bilen bagly meselelere aýratyn ünsi çekdi. Şeýle-de ýaşlary watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýeläp ýetişdirmekde netijeli işleri alyp barýan Ýaşlar guramasynyň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi.
Ýurdumyzyň 1991-nji ýylyň noýabr aýynda döredilen iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalarynyň sany häzirki wagtda 912 müň 902-ä ýetdi. Ilkinji guramalarynyň sany bolsa 5000-e golaýlady. Guramanyň agzalary Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik we medeni çärelerine işjeň gatnaşmak bilen, döwlet we beýleki kanun çykaryjy edaralarynda wekilçilik edýärler.