Ýaşlar — berkarar Watanymyzyň geljegi

11-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýy geçirildi.Beýik Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän forumyň işine hormatly Prezidentimiz gatnaşdy.Ýaşlar guramasynyň ýurdumyzyň şäherleriniň hem-de welaýatlarynyň derejesindäki düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen gurultaýyň gün tertibine Ýaşlar guramasynyň öňünde durýan möhüm meseleler, häzirki döwürde döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşiniň tapgyrlary we birnäçe guramaçylyk meseleleri girizildi.Ýaşlaryň bu gezekki gurultaýynyň ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilmeginde çuňňur many bar. Çünki, hormatly Prezidentimiz berkarar Watanymyzyň geljeginiň ýurduň kuwwaty, mertebesi we abraýy bolan ýaşlar bilen berk baglanyşyklydygyny nygtaýar.Gurultaýa gatnaşyjylaryň garamagyna forumyň gün tertibi hödürlenilýär.

Ol biragyzdan tassyklanylýar.Soňra Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy S.Babaýew geçen gurultaýdan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny” durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylan çäreler barada çykyş etdi.

Hasabatda Ýaşlar guramasynyň 2016-2019-njy ýyllarda dürli ugurlar boýunça alyp baran işleriniň maglumatlary beýan edildi.1991-nji ýylyň noýabr aýynda döredilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň häzirki döwürde 4 müň 973 ilkinji guramasy, 909 müň 765 agzasy bar. Ýaş nesilleriň has işjeňlik görkezýänleri bu guramanyň hataryna ýyl-ýyldan barha köp çekilýär.

Hasabat döwründe ýaşlar guramasynyň wekilleri dünýäniň 30-a golaý ýurdunda geçirilen halkara maslahatlaryna we sammitlerine gatnaşdylar.Daşary ýurtlaryň türkmen ýaşlarynyň bilim alýan ýokary okuw mekdeplerine we bilim edaralaryna saparlar yzygiderli guralýar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen Özbegistanyň ýaşlar guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.“Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, “Ýaşlar we kanun” atly kanunçylyk namalarynyň ýygyndysy, 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanynda Ýaş alymlar merkezi, ylym we bilim edaralarynda bolsa ýaş alymlaryň geňeşleri döredildi.VI gurultaýyň mejlisiniň dowamynda oňa gatnaşyjylar guramaçylyk meselesine garadylar.

Olar Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň agzalarynyň täze düzümini, onuň ýolbaşçylaryny saýladylar.Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynyň wekilleri guramanyň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine Ý.Öwezberdiýewi saýladylar, başlygyň orunbasary wezipesine Ý.Keriýew saýlanyldy. Ý.Öwezberdiýew ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, gurultaýyň wekillerine özüne bildirilen ynam üçin hoşallyk sözlerini aýtdy we öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.Şol gün hormatly Prezidentimiziň ýaşlar bilen duşuşmak üçin, “Mekan” köşgüne gelmegi gurultaýyň wekilleri üçin garaşylmadyk ýakymly waka öwrüldi.

Munuň özi milli Liderimiziň türkmen ýaşlaryna we ýaşlar syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna möhüm ähmiýet berýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.Gurultaýa gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Ýaşlaryň agzybirlikde aýdýan “Arkadaga şöhrat!” diýen sözleri el çarpyşmalar bilen utgaşyp, uly ruhubelentlik döretdi.Döwlet Baştutanymyza ýaşlar forumynyň wekilleriniň adyndan gurultaýda çykyş etmegi haýyş etdiler.

Milli Liderimiz ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlendi.Bagtyýar ýaşlarymyz bu gün döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, iň kämil we çylşyrymly tehnologiýaly iri kärhanalarda milli hem-de döwlet maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmak boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýärler.

Telekeçilik we jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanyp, ykdysadyýetimizi ösdürmäge işjeň gatnaşýarlar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.Ykballaryny sporta baglan ýaş türgenlerimiz bolsa, ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezip, Garaşsyz döwletimiziň abraýyny has-da ýokarlandyrýarlar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlik ýörelgelerini, asylly milli hem-de zähmet däplerini mynasyp dowam edýän ýaş nesillerimiziň mundan beýläk-de ähli gujur-gaýratyny mähriban Watanymyzyň berkararlygyny has-da pugtalandyrmaga bagyş etjekdigine berk ynam bildirdi.

Milli Liderimiz bilim özgertmelerinde öňe sürýän baş taglymatym mähriban halkymyza we Garaşsyz Watanymyza bolan egsilmez söýgä ýugrulandyr.Bu taglymat aýratyn hem ýaşlarda iň asylly häsiýetleri ahlak arassalygyny, ruhubelentligi, ylym-bilime ymtylyşy terbiýelemäge we bilesigeliji bolmaga çagyrýar diýip aýtdy.

Ylmyň soňky gazananlaryny hem-de okatmagyň innowasion usullaryny bilim ulgamyna ornaşdyrmagyň gerimini giňeldýäris.Bu bolsa, bilimiň hiliniň ýokary derejä laýyk bolmagyny üpjün etmek bilen, ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermäge giň ýol açýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.Biz bedenterbiýä we sporta uly üns bermek bilen, jemgyýetimiziň sazlaşykly ösmegini üpjün edýäris. Ýaşlara berjek sargydym sport ynsanyň häsiýetini, maksada okgunlylygy, çydamlylygy, mertligi hem-de durnukly bolmagy terbiýelemegiň ajaýyp serişdesidir.

Sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamda özüne ynam, merdemlik, güýç-kuwwat, çakganlyk, başarnyk, ruhubelentlik we beýlekileriň ýeňşine guwanmak häsiýetlerini terbiýeleýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Şu ajaýyp häsiýetleri özünde terbiýelän adam uly hormata mynasypdyr.Bu gün Garaşsyz Türkmenistan kuwwatly döwletdir. Ýaşlarymyzyň tagallalary, yhlasy, arzyly pellehana ynamy bilen kuwwatly döwletimiziň sporty hem güýçli bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz şeýle hem geljek ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň üstünlikli çykyş edip, Döwlet baýdagymyzy belende galdyrjakdygyna berk ynam bildirdi.Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip yglan eden berkarar döwletimizde ýaşlar hakynda uly alada edilýär diýip, milli Liderimiz ýaşlar syýasatynyň milli kanunçylyk namalary, halkara ýörelgeleri esasynda durmuşa geçirilýändigini belledi.Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünliklerinde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we onuň ähli agzalarynyň mynasyp goşandy bardyr. Ýaşlar guramasy beden we ruhy taýdan sagdyn, zähmetsöýer, iş başarjaň, Watana wepaly nesilleri kemala getirmekde özüniň döredilen gününden, ýagny 1991-nji ýylyň 16-njy noýabryndan bäri netijeli işleri alyp barýar.Geçen şu döwürde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýaşlarymyzy jebisleşdirmekde, olaryň güýç-kuwwatyny, aň-düşünjesini Garaşsyz Watanymyzy ösdürmäge gönükdirmekde öz wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirip gelýär.

Häzirki döwürde bu Guramanyň öňünde täze wezipeler durýar.Döwlet Baştutanymyz bu Guramanyň geljekde öňünde durýan esasy wezipelerini kesgitledi. Ýaşlara ylmyň we bilimiň dürli ugurlary boýunça Internet ulgamynyň elýeter bolmagyna, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine gönükdirilen işleri dowam etmeli.

Bilim edaralary üçin ylmy-usuly gollanmalaryň, maglumat, görkezme esbap, ylmy-barlag, gözleg-agtaryş serişdeleriniň taýýarlanmagyny üpjün etmeli, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini tamamlan ýaşlarymyzy iş bilen doly üpjün etmeli, ýaş maşgalalary goldamaly, şol sanda çaga dogluşynyň ösüşini höweslendirmeli.Ýaşlaryň iş bilen üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, täze önümçilikleri, işiň görnüşlerini we orunlaryny döretmek boýunça teklipleri taýýarlamaly, zähmet bazarynda bäsleşik ukybyny ýokarlandyrmak maksady bilen, hünär taýýarlygyny, gaýtadan taýýarlyk we hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin okuwlary guramaly, ýurdumyzyň sebitlerinde, uzak aralykda ýerleşýän we barmasy kyn bolan ilatly ýerlerde ýaşlarymyzyň işlemäge bolan isleglerini artdyrmak üçin höweslendirme çärelerini işläp düzmeli diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.Telekeçilik bilen meşgullanmaga höwesli ýaşlar üçin gysga möhletleýin tölegli okuwlary guramaly, ýaş harby gullukçylaryň we işgärleriň Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän olimpiadalara, bäsleşiklere, maslahatlara, sergilere we festiwallara gatnaşmagyna ýardam etmeli, ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň we hünärmenleriň ylmy barlaglaryny höweslendirmeli, olary daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ylmy maslahatlaryna, duşuşyklara ibermeli, bilelikdäki ylmy taslamalary amala aşyrmaga, şol sanda hojalyk hasaplaşygyndaky ylmy işlere çekmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtap geçdi.Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý etmek üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerjekdigine, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişjekdigine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdigine ynam bildirdi.Hormatly Prezidentimiz gurultaýa gatnaşyjylary ýetip gelýän Garaşsyzlyk baýramy hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynyň açylmagy bilen ýene bir gezek gutlap, olaryň ylym-bilimleri, yhlasly zähmeti bilen, berkarar Watanymyzyň dünýädäki at-abraýyny, merdana halkymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermelidiklerini aýtdy. Ýygnananlaryň ählisine berk jan saglyk, bagtyýar we abadan durmuş, ýurt parahatçylygyny, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde täze üstünlikler arzuw etdi.

Milli Liderimiz öz çykyşyny şahyrana setirler bilen tamamlady, oňa ýygnananlaryň ählisi bir agyzdan goşuldylar:

Parahatlyk ýürek baýdagy,Älem-jahan mähir mukamy.

Türkmenistan bahar baýramy,Türkmenistan dostluk mekany.

Öňe, öňe, ýaşlar bilen diňe öňe,Jan Watanym Türkmenistan!

Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy gurultaýa gatnaşyjylaryň adyndan ýurdumyzyň ýaşlary bilen duşuşmaga wagt tapandygy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.Gurultaýa gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň Ýaşlar guramasynyň öňünde häzirki döwürde goýan wezipelerinde gelip çykýan Kararnamany biragyzdan kabul etdiler. Şeýle hem VI gurultaýa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul etdiler.

Ýene degişli makalalar

11.09.2019 | Milli Liderimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýyna gatnaşdy
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türkmenistanyň Prezidenti ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlary we jemgyýetçilik guramalarynyň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlary we jemgyýetçilik guramalarynyň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi