Milli goranmak ministri Ýaşar Güler ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Jeýms Ostin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.
Ministrlikden berilen beýannamada telefon söhbetdeşliginde Siriýadaky soňky wakalar hakynda pikir alyşylandygy habar berildi.
Ministr Güler Türkiýäniň terror guramasy DEAŞ-a garşy ABŞ bilen bilelikde göreşmäge taýýardygyny beýan etdi.
Ministrler sebitde alynyp barylýan işlerde Amerikan we Türk güýçleriniň ýakyn utgaşyklygynyň ähmiýetini nygtadylar.
Telefon söhbetdeşligi hakynda ABŞ-nyň Goranmak ministri Ostin hem beýannama berdi.
DEAŞ-a garşy göreşiň möhümdigini nygtan Ostin; “Sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek üçin Türkiýe bilen işleşmekdäki ygrarlylygymyzy nygtadym” diýdi.
Türk we amerikaly resmileriň arasyndaky beýleki bir telefon söhbetdeşligi bolsa Baş ştabyň başlyklarynyň arasynda geçirildi.
Baş ştabyň Başlygy general Metin Gürak ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygy general Çarl Brown bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, aktual meseleler hakynda pikir alyşdy.