Ýasama pirotehniki serişdeleriň, partlaýjy jisimleriň ulanylmagyna garşy wagyz işleri geçirilýär

Ýasama pirotehniki serişdeleriň, partlaýjy jisimleriň ulanylmagyna garşy wagyz işleri geçirilýär

Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda, Mary welaýatynyň orta mekdeplerinde pirotehniki serişdeleriň, partlaýjy maddalaryň emeli usullar bilen ýasalmagyna we ulanylmagyna garşy wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 29-njy dekabrda sebitden maglumat berdi.

Mekdep müdirleri we mugallymlar synp otaglaryna aýlanyp, okuwçylar bilen ýygnaklary geçirýärler. Duşuşyklarda erkek okuwçylara partlaýjy maddalardan peýdalanmazlyk, gyzlara bolsa şäher ýerlerinde baýramçylyk güni ýekelikde gezelenje çykmazlyk tabşyrylýar.

Ýygnaklarda soňky birnäçe günüň dowamynda welaýatyň çäginde pirotehniki serişdeleri emeli usul bilen ýasap satýan kämillik ýaşyna ýetmedik raýatlaryň, mekdep okuwçylarynyň hukuk goraýjylar tarapyndan ýüze çykarylandygy we saklanandygy aýdylýar.

“Partlaýjy jisimleri özbaşdak ýasap, satmakçy bolan adamlaryň arasynda agyr şikes alan, zyýan çeken adamlar köp. Kiçi ýaşdaky çagalar partlaýjy jisim ýarylsa, gorkýarlar, olaryň arasynda huşuny ýitirýän çagalar hem bolýar. Göwreli aýallaryň ýanynda partlaýjylar, petardalar atylsa çagalaryny düşürmek howpy bolýar. Umuman aýdylanda, partlaýjy gowulyk getirmeýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýygnaklarda çykyş eden mekdep müdirleriniň sözüni sitirleýär.

Habarçymyz bilen gizlinlik şertlerinde gürrüňdeş bolan bir hukuk goraýjy işgär emeli partlaýjy ýasap, ele salnan kämillik ýaşyna ýetmedik adamlaryň arasynda administratiw temmi berlen, jogapkärçilige çekilen okuwçy ýaşlaryň bolandygyny aýdýar.

Olaryň arasynda hukuk goraýjy edaralarda dogan-garyndaşlary, ýa-da ýakyn hossarlary bolan kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň hereketleri, hamala, “hiç zat bolmadyk ýaly” ýaşyrylypdyr. Käbir ene-atalar bolsa emeli partlaýjylardan peýdalanyp, ele salnan kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryny müňlerçe manat para berip, “hukuk goraýjylardan halas edipdir”.

Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksi pirotehniki serişdeleriň bikanun, emeli usul bilen taýýarlanylmagyny, gaýtadan işlenilmegini, saklanylmagyny, daşalmagyny we olardan peýdalanylmagyny gadagan edýär. Bu hereketler administratiw temmi berilmegine getirýär. Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň jogapkärçiligi olaryň ene-atalarynyň üstüne ýüklenilýär.

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi partlaýjy, çalt ýanýan maddalary ýa-da pirotehniki önümleri ulanmagyň düzgünleriniň bozulmagy boýunça iki ýyldan ýedi ýyla çenli azatlykdan mahrum edilmek jezasyny berýär.

Hukuk goraýjy edaralar möhüm baýramçylyklarda güýçlendirilen tertibi yglan edýärler, şeýle-de, Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda, pirotehniki serişdelerden, emeli partlaýjylardan peýdalanylmagyna garşy gözegçilik çärelerini güýçlendirýärler.

Ýatlasak, 2022-nji ýyla geçilen gije, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda emeli usulda ýasalan partlaýjylaryň ýarylmagy netijesinde azyndan dört adam heläk boldy we 30-dan gowrak adam ýaralandy.

Bu hadysa 2022-nji ýylyň ýanwarynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan gün tertibine getirildi.

Marynyň orta mekdeplerinde okuwçylar bilen geçirilýän wagyz-nesihat ýygnaklarynda gyz okuwçylara baýramçylyk güni şäherde ýekelikde gezelenç etmezlik tabşyrylýar.

“Akylly boluň! Ata-eneleriňiziň ýüzüni ýere salmaň, tikinçilik bilen meşgullanyň, nahar bişirmäni öwreniň, süýji-köke bişirmäni öwreniň, öýüňizde aş iýilse, aş iýiň, daş iýilse, daş iýiň” diýip, mekdep ýolbaşçylary gyz okuwçylar bilen geçirilen aýrybaşga ýygnaklarda aýdýarlar.

Bu ýyl Türkmenistanda Täze ýyl baýramçylygy, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, has tutuk we öçügsi geçýär.

Bu aralykda, Mary welaýatynyň ylym we bilim edaralarynyň işgärleri 31-nji dekabr güni gije sagat 12:00-a çenli köçelerde polisiýa işgärleri bilen bilelikde nobatçylyga çekilýärler. Şeýle tabşyryklar sebit merkezinde we Baýramaly, Ýolöten hem-de Türkmengala etraplarynyň merkezlerinde eýýäm döwlet edaralaryna gelip gowuşdy. Magaryf işgärleri hukuk goraýjylar bilen bilelikde baýramçylyk gijesi köçelerde we seýilgählerde “asudalygyň saklanylmagyna” gözegçilik ederler.

Olar Täze ýyl arçalary gurnalan ýerlere gezelenje barýan adamlaryň arasynda tertip-düzgüniň berjaý edilmegine ýardam bermeli edildi. Şeýle-de, mugallymlar polisiýa işgärleri bilen bilelikde köpçülik ýerlerinde partlaýjy jisimlerini ýarýan adamlara, kafelerde we restoranlarda baýramçylyk oturylyşyklaryny belleýän adamlara gözegçilik etmeli bolarlar.

“Biz çagalarymyz bilen bilelikde, saçak başynda Täze ýyl baýramyny bellemek isleýäris. Ýöne baýramçylykda hem bizi polisiýa işgärlerine kömek etmeli diýip, çärä çykarýarlar” diýip, bir bilim işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Maryda býujet işgärleri hepdäniň başyndan bäri baýramçylyk çärelerine çekilýärler. Şäherde 31-nji dekabr gijesi sebitiň Baş arçasynyň ýanynda geçiriljek mejbury Täze ýyl dabarasyna taýýarlyk görülýär. Döwlet edaralaryndan täze ýyl gijesi 20 çemesi işgäri esasy baýramçylyk dabarasyna gatnaşdyrmak üçin Baş arçanyň ýerleşýän ýerine ibermek talap edilýär.

“Edara-kärhanalaryň işgärleri çärä ibermek üçin, öz orunlaryna adam gözleýärler” diýip, bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Täze ýyl gijesi sada halk arçanyň golaýyna goýberilmeýär, diňe işgärler arçanyň gapdalyna baryp bilýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

Ýene degişli makalalar

Lebabyň häkimiýetleri ilaty agyz beklemäge, Arkadagdan görelde almaga’ çagyrýar
Aşgabadyň edara-kärhanalarynda ýygnaklar geçirilip, azygyň gymmatlamagynyň “adaty ýagdaýdygy” aýdylýar
Türkmenabat: migrasiýa we kanun ýygnagynda gatnaşyjylar düzgünden däl-de, gadagançylykdan habarly edildi
Türkmen resmileri Ženewada adam hukuklarynyň Türkmenistandaky ýagdaýyny nähili düşündirdi?
Maryda döwlet taksilerine gelnalyjy kerwenine gatnaşmak gadagan edildi
Häkimiýetler orta mekdeplerde 'ahlak gözegçiligini' güýçlendirýär