/* custom css */ .td_uid_19_60d1d2f60d6b6_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60d1d2f60d6b6_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575553 Leonardo Da Winçiniň meşhur “Mona Liza” kartinasynyň öýkünilip taýýarlanan (ýasama) nusgasy “Christie’s” auksion öýi arkaly satuwa çykaryldy.
Onlaýn görnüşde geçirilen auksionda bu kartina 3,4 million dollara satyldy.Auksion öýüniň wekilleri sumgat eseriň beýle gymmat satyljakdygyna garaşmaýardylar.Renesans döwrüniň ähmiýetli şahsyýetleriň biri hasaplanýan Leonardo Da Winçiniň XVI asyrda döreden eseri häzirki wagtda Pariždäki Luwr muzeýinde saklanýar. Ýasama “Mona Lizanyň” XVII asyryň başlarynda Italiýada bir mekdepde döredilendigi çaklanylýar.
Ony hakykysy bilen tapawutlandyrmak örän kyn.Bu kartina Fransiýanyň Nis şäheriniň golaýyndaky kiçiräk obalaryň birinde ýaşaýan antikwardan satyn alnypdyr.Ondan öň kartina meşhur antikwar Reýmond Hekking eýeçilik edýärdi.
Kartina 1963-nji ýylda Nýu-Ýorkuň Döwrebap sungat muzeýine waglaýyn berilýär. “Mona Liza”-nyň başga-da birnäçe nusgasy bar.Olaryň köpüsi Da Winçiniň şägirtleri tarapyndan döredildi.