Milli amaly-haşam sungaty hiç kimi biparh goýmaýar.Onda şaý-sepler- zenanlaryň we çagalaryň milli şaý-sepleri, gözmonjuklardyr tumarlar aýratyn orun tutýar.Olar owadanlygy we sazlaşygy bilen tapawutlanýar, özboluşlylygy, nagyşlaryň deňeçerligi, milli bezegleriň üýtgeşikligi bilen göreni özüne bendi edýär.
Baryp gadym döwürlerde türkmen zergärleri altyndyr kümüşi gymmatly daşlar bilen bezemegiň hötdesinden gelipdirler, owadanlygy babatda çeper nusgalary ýasamagyň ýörelgesini döredipdirler.Geçmişiň ussatlarynyň däbini dowam edýän türkmen zergärleri häzirki wagtda hem milli çeper eserleri döredýärler.
Ýurdumyzda zergärçilik sungatyny ösdürmäge uly üns berilýär.Döwlet baştutany asyrlarboýy dowam edip gelýän ýörelgelere eýerip, öz döredýän işlerinde halk döredijiliginiň taryhyny, onuň hakydasyny we belent ruhuny açyp görkezýän ussatlaryň zähmetine ýokary baha berýär. Çünki zergärlik türkmen medeniýetiniň has gadymy ozboluşly nusgasydyr, onda çeperçiligiň ajaýyp gözelligi we bezegi inçelik bilen duýmak, çeperçilige garaýşyň milli aýratynlygy we halkymyzyň döredilik pikirlenişi has aýdyň ýüze çykypdyr.
Ozallar diňe erkek kişiler zergärçilik edipdirler. Bu kär gurallar işledilende üýtgeşik başarnygy, yhlasy, tapbilerligi talap edipdir. Gadym döwürlerde bu hünär nesilden-nesle geçipdir, ХХ asyryň başynda zehinli ýetginjeklerem halypa şägirt bolup bilipdir, biziň döwrümisde bolsa, zenan-zergärlerem az däl.
Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň uçurymy Aýjemal Çaryýewanyň sergilerde we bäsleşiklerde görkezilen ilkinji işleri hünärmenleriň we bu sungatyň muşdaklarynyň ünsüni özüne çekipdi.Onuň heniz talyp ýyllary, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylda edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda yglan eden bäsleşiginde tapawutlanmagy hem zergär gyzyň kärine ussatlygyna şaýatlyk edipdi.
Häzirki wagtda Aýjemal Çeperçilik akademiýasynda mugallym bolup işleýär, onuň talyplarynyň arasynda zehinli gyzlaryň dördüsi bar.
Biz amaly-haşam sungaty kafedrasynyň ýaş mugallymasy bilen söhbetdeş bolanymyzda türkmen şaý-sepleriniň aýratynlygy we özboluşlylygy barada gürrüň bermegi haýyş etdik.
-Şaý-sepler-türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegidir.Olary zenanlardyr çagalar dakynypdyr.Olar diňe bir eşige bezeg hökmünde däl, eýsem bela-beterden goraýan tumar hökmünde hem döredilipdir.Onuň görnüşiniň, daşlarynyň ýerledirilişiniň, deňeçerliginiň, gurluşynyň, bezeiginiň olaryň hemmesiniň jadyly manysy bolupdyr.
Kümüşiň ulanylmagam tötänden däldir-gadymdan gelýän ynançlara görä, olaryň bejeriş we göz-dilden goramak sypatlary bolupdyr.Bezeg üçin firýuza, maşat gaşy, nefrit ýaly ýarym gymmat daşlar ulanylypdyr. Ýöne häzirki güne çenli öýe rysgal-döwlet, bagt we rahatlyk, onuň eýesine saglyk getirip, ony göz dilden goraýan maşat gaşy iň halanylýan daşdyr.
Türkmenleriň şaý-sepleri beýleki halklaryňkydan gaty tapawutlanýar. Olarda milli häsiýetler jemlenen, olara çylşyrymlylyk ýatdyr. Ilki göreniňde olar ýönekeý ýaly, ýöne ünsli seredeniňde sazlaşygyň, mertebäniň, saýhalylygyň we tapbilerligiň seýrek sazlaşygyny görmek bolýar. Her sebitiň öz ýoly, usuly, nagyşlary bolýar, olar bir-birine meňzemeýär, olary tapawutlandyrmak hem aňsat.
Ýaş zergär A. Çaryýewanyň işleri üýtgeşik we özboluşly. Olardaky nagyşlaryň utgaşygyna bakanyňda, ondaky her bir elementiň oýlanşykly ýerleşdirilendigini we beýleki bölekleri bilen baglanşygyny görenide daşlaryň we metalyň sazlaşygynyň edil şowly aýdym ýaly ýaňlanyp durandygy barada pikir edeniňem duýman galýarsyň. Olarda däp-ýörelgeleriň ýa-da gyzyň öz ylhamynyň agdyklyk edýändigini aýtmak hem kyn düşýär.
--Öz işlerimde ozaldan gelýän bezegleri ulansamam, olara döwrebap elementleri hem goşýaryn. Her şaý-sepi beýlekilerde duşmaýan özboluşly sypatlar we öz ylhamymda dörän elementleri goşýaryn, şunda milliligi saklap galmaga çalyşýaryn—diýip Aýjemal gürrüň berýär.
--Aslynda zergäre diňe bir eliň çeper bolman, eýsem oňa ýürek mähriňem siňdirmeli. Her zergäriň öz ýoly, tilsimi bolýar, ol adamyň içki dünýäsini, onuň ruhuny görkezýän hünär.
Öňümde Aýjemalyň melhiordyr latundan ýasan, altyn syrçasy çalnan, merkezinde maşat gaşy, onuň töwereginde tans edýän gyzlary ýatladyp duran bezegli şekiller salnan Küştdepdi“ gülýakasy; Tumarşa“ gupbasy, Küşt“ gülýakasy, şelpeli ysyrgasy... bar. Olaryň ady dürli-dürli bolsa-da, olary bir zady zehinli ussanyň zähmetidir ylhamyndan dörän jadyny özünde jemleýär.