
19 ýaşyna çenli bolan Bütindünýä woleýbol çempionadyna gatnaşan Türkiýe, final bäsleşiginde ABŞ-dan 3-2 utuldy we dünýä ikinjisi boldy.
Horwatiýanyň Osižek şäherinde geçirlen çempionatda Türkiýäniň 19 ýaşyna çenli bolan Milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy ABŞ-nyň komandasy bilen bäsleşdi.
Bäsdeşinden 3-2 hasabynda utulan ýaş woleýbolçylar dünýä çempionadynda ikinji orny eýeledi we kümüş medal aldy
2011-nji ýylda 19 ýaşyna çenli bolan Bütindünýä woleýbol çempionadynda altyn medal alan Türkiýe, 2007-nji ýyldan soň ýene-de bir gezek kümüş medal aldy.