Ýaş tennisçi Ilima Guseýnowa nobatdaky halkara üstünligini gazandy. Ol Malaýziýada geçirilen Selangor Asian 14 & Under Grade A Tournament (Southeast Asia) halkara ýaryşynda kümüş medala mynasyp boldy.
Kiçi ýaşlaryndaka öz ukybyny görkezip, sport ýoluny eýýäm halkara derejeli ýeňişleriň birnäçesi bilen bezän Ilima bu üstünligi eýranly Hana Şabanpur bilen jübütleýin ýaryşda gazandy.
Türkmen we eýranly türgenleriň jübüti ýaryşyň birinji aýlawynda malaýziýaly Adani Ažriden we Maldiwlerden Naba Nişandan ybarat bolan jübüti 6:2, 6:3 hasabynda ýeňip, çärýek finala çykdy. Ýaryşyň bu tapgyrynda eýranly Romina Rafaiborijeni bilen malaýziýaly Beatrisa Elwina Guseýnowa — Şabanpur jübütinden 0:6, 2:6 hasabynda ýeňildiler.
Ildeşimiz eýranly jübüti bilen bilelikde, ýarym finalyň ilkinji döwünde Koreýa Respublikasyndan gatnaşan tennisçiler Senhýon Kim bilen Ýerin Limi 6:4 hasabynda ýeňen hem bolsalar, ikinji döwde olardan 1:6 hasabynda asgyn geldiler. Ýeňijini kesgitleýän üçünji döw bolsa biziň ildeşimiziň we onuň jübütiniň 10:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Guseýnowa bilen Şabanpur diňe final duşuşygynda nepally Şiwali Gurung bilen indoneziýaly Saýa Mauladan 3:6, 5:7 hasabynda asgyn geldi.
Malaýziýanyň Negeri-Sembilan ştatynyň Bandar-Baru-Enstek şäherinde 64 türgeniň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşda Ilima Guseýnowa ýekelikdäki duşuşyklarda çärýek finala çenli ýetip bildi.
Halkara ýaryşa Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mirali Gasanowyň ýolbaşçylygynda ýaş tennisçileriň 10-sy gatnaşdy.