Ýaş tebigatçy jemgyýetçilik guramasy Daşoguz welaýatyna gezelenç gurady

Ýaş tebigatçy jemgyýetçilik guramasy Daşoguz welaýatyna gezelenç gurady

Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Ýaş tebigatçy jemgyýetçilik guramasynyň wekilleri Daşoguz welaýatynyň taryhy ýerlerine gezelenç guradylar. Gezelenje jemgyýetçilik guramasynyň hünärmenleri, şeýle-de Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Demirgazyk künjeginde ýerleşýän Daşoguz welaýaty taryhy ýerlere baý mekan hasaplanýar. Hut şonuň üçin hem ýaşlarda watansöýüjilik duýgusyny artdyrmak maksady bilen guralan gezelenjiň dowamynda oňa gatnaşyjylar 360 pire, Gutlug Temiriň binasyna, Törebeg hanymyň aramgähine, Ybraýym Edhem we Alow pirleriň aramgählerine baryp gördüler.

Ýaş tebigatçy jemgyýetçilik guramasynyň esaslandyryjysy Leýli Şyhmädowa, şeýle-de bu guramanyň hünärmenleri Tawus Bäşimowa, Bahar Ballyýewa dagy gezelenje gatnaşyjylary Daşoguz welaýatynyň gözel künjekleri, taryhy ýerleri, türkmen taryhynda öçmejek yz goýan, ajaýyp binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýan binalaryň döreýiş taryhy bilen baglanyşykly rowaýatlar bilen tanyşdyrdylar.

Her bir taryhy binanyň gurluşy, şeýle-de olaryň ýüze çykyşy baradaky maglumatlar gezelenje gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

2022-nji ýylyň güýzünde esaslandyrylan Ýaş tebigatçy jemgyýetçilik guramasynyň baş maksady ýaş nesillerde tebigata bolan söýgini artdyrmakdan ybaratdyr.Döredilene köp wagt geçmedik hem bolsa, Ýaş tebigatçy jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanda ekologiýa medeniýeti bilen baglanyşykly birnäçe bäsleşikleri, dabaralary geçirdi.

Häzirki wagtda hem Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetçilik guramasy bilen Ýaş tebigatçy jemgyýetçilik guramasy Bütindünýä suw güni mynasybetli ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda Tygşytlanan bir damja suw merhemet bolup gaýdyp geler atly surat bäsleşigini yglan etdi.

Bu barada biz Turkmenportal web-saýtymyzda hem habar beripdik.

Ýatlap geçsek, Turkmenportal web saýty bilen Ýaş tebigatçy jemgyýetçilik guramasy bilelikde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyna, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda, şeýle-de Daşoguz welaýatynyň birnäçe etraplaryna gyzykly gezelençleri gurady we web-saýtyň üsti bilen halk köpçüligine ýetirdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Daşoguzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini wagyz etmek boýunça ylmy duşuşyk
Taryhyň jümmüşine syýahat
“Köneürgenç” ýadygärlikler toplumyna gezelenç guraldy
Türkmenistanda Türkmentel — 2022 atly XV halkara maslahaty geçirilýär, koreý filmleriniň görkezilişi geçirildi, Atatürküň ýadygärligine gül desselerini goýmak dabarasy