Türkmenistanda Azimus ady bilen tanalýan Abdylmuhammet Derýaýew pop-art stilinde meşhur şahsyýetleriň suratlaryny döretmek bilen, millionlarça adamyň ünsüni özüne çekýär. Turkmenportal habarlar portalyna beren interwýusynda suratkeş döredijilik ýoluna gadam basmagy, nakgaşlyk sungatyna çemeleşişi hem-de geljekki maksatlary barada gürrüň berdi.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyny tamamlanymdan soň, harby gullukçy hökmünde Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň hataryna goşuldym. Polkownik Töre Kakowowiç Ataýew Ahal welaýatyndaky harby bölümimiziň serkerdesidi. Ol soňlugy bilen meniň döredijiligime uly täsirini ýetirdi — diýip, ýaş suratkeş sözüniň başynda belleýär.
Polkownik maňa düzgün-nyzamly bolmagy, çydamlylygy we zähmeti öwretdi, aýratynam, harby gullukda wagtyň gymmatyny duýup ýaşamagy ündedi. Bu öwütleriň aýratyn täsir eden ýeri, ondan zehinimi taplamalydygyma düşündim, hut şonuň üçinem durmuşymda täze çözgütleri gözläp başladym.
— Siz döredijiligiňizi nakgaşlyk sungatynyň belli bir ugruna gönükdirmeýärsiňiz, çeper şekilleri suratlandyrmagy dürli stillerde synap görýärsiňiz, sungat muşdaklaryny hemişe täze bir zat bilen begendirýärsiňiz. Nähili nakgaşlyk eserlerini aýratyn suratlandyrmagy halaýarsyňyz?
— Portretleri.Adamlaryň suratyny çekmegi halaýaryn.Esasanam, zehin-başarnygy bilen meşhurlyga ýeten şahsyýetleriň portretlerini çekmäge uly ähmiýet berýärin.Bu ugurda gysga ömründe adamzat durmuşynda ýakymly ýatlamalary galdyran şahsyýetler ünsümi çekýär. Şeýle ägirtleriň hatarynda Çedwik, Tupak Şakur, Kobe Braýant, Xxxtentacion we başgalaryň adyny getirmek bolar.
Dünýä jemgyýetçiliginiň olary ýatlamagyny we häzirki zaman aýdym-saz sungatyna we medeniýetine, sportuň ösmegine bu şahsyýetleriň näderejede goşant goşandygynyň bilinmegini isleýärin.
Halaýan şahsyýetlerimiň islendik biriniň portretini şekillendirenimde aýratyn baglanyşyk duýulýar, has takygy, biz onuň bilen köp ýyllap dost bolan ýaly duýgyny başdan geçirýärin.
— Ýogsa-da, portretler barada söhbet edýärkäk bize 13 milliondan gowrak tomaşa edilen suratyňyzy döredişiňiz barada gürrüň beräýseňiz?
— Bu suratyň döreýşi dostum wideograf Arif Huseýnowyň asly filippinli amerikaly aýdymçy we tiktoker Bella Porçuň portretini çekmegi maslahat bermeginden başlandy. Şol wagtlar men bu meşhur gyz barada hiç bir zady bilmeýärdim.
Sosial ulgamlardan onuň alyp barýan işlerini öwrenenimden soň, birbada dostumyň teklibinden ýüz öwürdim, sebäbi bu gyzda öňki döreden şekillerimiň zehini duýulmady.Emma Arif gaty tutanýerlilik bilen meni bu işiň başyna barmaga razy etdi, şekili döreden her pursadymy hem wideoýazga geçirdi.
Netijede, Bella Porçuň dürli ýüz keşpli 3 portretini çekdim. Dogrusyny aýtsam, özüm üçin şekiller o diýen bir täsirli bolmady, tersine, dünýäniň sungat söýüjileri we oňa baha bermäge ukyply jemgyýetçiligi eserimi hakykatdanam haladylar. Gysga wagtyň içinde wideo giň meşhurlyga eýe bolup, 13 milliondan gowrak adam tarapyndan tomaşa edildi.
Ýeneki ýyllar üçin nähili maksatlaryňyz bar?
— Öz sungat galereýamy açmagy meýilleşdirýärin. Häzirki wagtda munuň üçin köp iş alyp barýaryn, wagtymyň agramly bölegini ussahanamda geçirýärin.
— Şu surat-a hiç haçan çekmerin diýip näme babatda aýdyp bilersiň?
— Meniň suratymy haçan çekersiň? diýýän adamlaryň suratlaryny çekmekden saklanaryn.
— Nakgaşlyga ýaňy başlan ýaş suratkeşlere nähili maslahatlary berip bilersiňiz?
— Özüň bolmagy, haýsydyr bir ideýany gözlemegi däl-de, ony özüň döretmegi maslahat berýärin. Adam kimdir birine öýkünse, öz hakyky döredijiligini ýitirýär, şonuň üçin sungatda iň esasy zat — özüň bolmak.