Ýaş sazşynaslaryň ylmy-amaly maslahaty

Ýaş sazşynaslaryň ylmy-amaly maslahaty

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hepde boýunça her kafedranyň hepdelikleri yzygider nobatma-nobat geçirilip gelinýär. Hepdeliklerde esasan, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Magtymguly Pyragy bilen bagly konsertler, ylmy-amaly maslahatlar, döredijilik duşuşyklar yzygider geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Sazyň nazaryýeti kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde Ýaş sazşynas 2024: Saz ylmynyň wajyp meseleleri atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.Bu maslahata konserwatoriýanyň mugallymlary, ýaş sazşynaslary işjeň gatnaşdylar. Ýaş sazşynaslar özleriniň prezentasiýaly, gyzykly toplan maglumatlary bilen çykyş etdiler.

Maslahat Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Sazyň nazaryýeti kafedrasynyň müdiri Ş.T.Annagylyjowanyň giriş sözi bilen başlandy.

Giriş sözünden soň Türkmen kino saz sungatynda Magtymgulynyň keşbi temasy boýunça konserwatoriýanyň Sazşynaslyk hünäriniň 4-nji ýyl talyby Selbi Akgaýewa çykyş etmek nobaty geldi.Maslahatyň dowamynda Sazşynaslyk hünäriniň 4-nji ýyl talyby Ogulnabat Meretgulyýewa Günbatar Ýewropa ýurtlarynda teatr sungatynyň döreýşi, Sazşynaslyk hünäriniň 2-nji ýyl talyby Nury Halmämmedowyň Magtymgulynyň goşgusyna ýazan Uýat eýleýir romansynda sözüň we heňiň arabaglanyşygy, 5-nji ýyl talyp Güljemal Durdyýewa Suhan Tüýliýewiň instrumental döredijiliginde halk sazynyň ulanylyşynyň usullary barada, 5-nji ýyl talyp Aýjemal Öwezowa Magtymguly Pyragy umumadamzat şahyry, 3-nji ýyl talyp Oskar baýragy we kompozitorlyk döredijiligi, 2-nji ýyl talyp Taganbibi Durdyýewa Türkmen saz ylmynda W.Uspenskiniň we W.Belýaýewiň Türkmen sazy atly ylmy işiniň ähmiýeti, 3-nji ýyl talyp Humaý Amanowa Nury Halmämmedowyň döredijiliginde Magtymguly Pyragynyň şahyrana mirasynyň beýan edilişi atly işleri bilen çykyş etdiler.

Maslahatyň ahyrynda ähli çykyş eden talyplara, tomaşa edenlere sag bolsun aýdylyp, öz saýlap alan hünärlerinde ökde hünärmen bolup ýetişmeklerini arzuw etdiler.

Şeýle ajaýyp konsertleriň, festiwallaryň, bäsleşikleriň yzygider geçirilmegi ösüp gelýän ýaş nesilleriň zehinlerini kämilleşdirmekde, höweslerini has-da artdyrmakda uly itergi berýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Dünýä teatry saz sungatynda atly filarmoniki lektorçylyk dersi boýunça açyk sapagy
07.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda