30-njy noýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda Ýaş robototehnikaçy atly bäsleşik geçirildi. Ýurdumyzyň umumy bilim berýän mekdepleriniň 7-12-nji synplarynda okaýan mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen bu bäsleşige ýüzden gowrak ýaş hünärmenler özleriniň taslama işleri we robotlary bilen gatnaşdylar.
Gyzykly geçen bäsleşikde “Akylly öý” taslama-döredijilik ugry boýunça:
I orna Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Resul Annaberdiýew;
II orna Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň 11-nji synp harby okuwçysy Döwlet Saparow;
III orna Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Serdar Öwelekow mynasyp bolup, gymmat bahaly sowgatlar hem-de hormat hatlary bilen sylaglanyldy.
Bäsleşigiň robototehnika ugry boýunça:
I orna Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ysmaýyl Çaryýew;
II orna Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Emirhan Gylyçmuhammedow;
III orna Lebap welayatynyn Halaç etrabynyň 27-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Rozmyrat Ýagşymyradow mynasyp bolup gymmat bahaly sowgatlar hem-de hormat hatlary bilen sylaglanyldy.
Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň ählisine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň adyndan sowgatlar we minnetdarlyk hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.