Ýaş režissýor täze filminde ýyldyzlary jemleýär

Meşhur režissýor Kosta-Gawrasyň ogly Roman Gawrasyň täze filminde birnäçe ýyldyzlar surata düşer. 43 ýaşyndaky režissýory “Sacrifice” atly täze filminiň kastingine belli aýdymçy Charli XCX, ussat aktýor Jon Malkowiç, fransuzlaryň tanymal aktýory Wensan Kassel, şol sanda şwesiýaly rep aýdymçysy Ýung Lean dagy hem goşuldy.

Filmde Anýa Teýlor-Joý, Kris Ewans, Salma Haýek, Säm Riçardson, Ambika Mod hem-de oskarly aktýor Brendan Freýzer ýaly belli artistleriň surata düşjekdigi ozaldan bellidi.Filmiň surata düşüriliş işleri noýabr aýynyň ilkinji günlerinde başlap, ol häzirki wagtda Gresiýada hem-de Bolgariýada dowam edýär.

Indiki aýlarda Islandiýada-da surata düşüriljek filmiň ssenarisini režissýoryň özi Will Arbi bilen bilelikde ýazar.Roman Gawrasyň 2022-nji ýyldaky “Afiny” (Athens) filmi Wenesiýa kino festiwalynda “Altyn ýolbars” baýragyna dalaşgär görkezilipdi.

Režissýoryň iňlis dilindäki ilkinji filmi boljak bu ekran eseri fransuzlaryň gahrymany Žan d’Arkyň hekaýasyndan ugur alýar. /* custom css */ .td_uid_15_673dd173a1289_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_673dd173a1289_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
The Economist neşiriniň MA boýunça demokratiýa reýtingi: Türkmenistan ýene yzda, Özbegistan ýokarlandy, Gyrgyzystan Gazagystandan öňe geçdi
Türkmenistan ýadro howpsuzlygy boýunça halkara konwensiýalara goşuldy, Maryda sanly telefon ulgamy we GPON-a esaslanýan internet işjeň ornaşdyrylýar hem-de beýleki habarlar
Islandiýada ýanardag çogmasy sebäpli şäheri göçürýärler
Ronaldo toparyny Ýewropa çempionatyna çykardy
Nuuk şäheriniň esaslandyrylmagy