ÝAŞ NESILLERIŇ ARASYNDA ÇAGALAR EDEBIÝATYNY WAGYZ ETMEK

ÝAŞ NESILLERIŇ ARASYNDA ÇAGALAR EDEBIÝATYNY WAGYZ ETMEK

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde paýtagtymyzyň iň gözel künjekleriniň biri bolan Garajaoglan seýilgähinde öz körpeje okyjylary bilen çagalar edebiýatyny ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek maksady bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda dynç alyş möwsümini gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagajyklar bilen täsirli gürrüňdeşlik boldy. Çagalar türkmen halk ertekileri, olaryň gahrymanlary esasynda sorag-jogap alyşdylar.Tapmaçalary, matallary çözmek boýunça özara bäsleşdiler. Ýeňijilere kitap sowgatlary gowşuryldy.

Bagtyýar körpejeler ajaýyp zamanamyzy, bagtly çagalygy wasp edýän goşgulary hem labyzly aýdyp berdiler. Çagalar edebiýatyna degişli kitaplar esasynda gurnalan göçme sergi aýratyn täsir galdyrdy.Söhbetdeşlige Ýaşlyk teleýaýlymynyň döredijilik topary hem gatnaşdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwürmek üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARYNY KABUL ETDI
Merkezi Aziýada ýitip barýan "demokratiýa adasy": Gyrgyzystanda oppozisiýany nähili basyp ýatyrýarlar?
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINDEN YNANÇ HATYNY KABUL ETDI
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI LEONARDO S.p.A. KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
ÝURDUMYZYŇ IŇ GOWY ETRABYNA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BAÝRAGY GOWŞURYLDY
Türkmenstandartlary baş döwlet gullugynyň Dubaýda okuw saparynda bolan işgärleri ETHICAL HACKING V12 şahadatnamalaryny aldylar