ÝAŞ NESILLER ŞANLY GELJEGIMIZ

Eziz Arkadagymyz: “Ýaş nesil hakyndaky alada Türkmenistanyň Garaşsyzlyga eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, döwlet syýasatynyň has köp üns berilýän ugruna öwrüldi” diýmek bilen, şu günki bagtyýar nesillerimiziň terbiýesiniň döwletimiziň baş aladasy bolup galýandygyny tassyklady.

Bu günki gün ýurdumyzyň körpeleri aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen gurşalýan nesiller hökmünde bagtyýar durmuşda ýaşap, döwrebap bilimdir terbiýe alýarlar. Ösüp gelýän ýaş nesillere durnukly bilimdir terbiýe bermek her bir mugallymyň jana-jan borjudyr. Şonuň üçin mekdep bilim ojagy, mugallym çaganyň ikinji ähtibarly terbiýeçisi hasaplanýar.Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen her bir ugurda ýokary üstünlikler gazanylýan häzirki döwrümizde mugallymlar geljegimiz bolan ýaş nesillere bilimdir terbiýe berip, buýsançly zähmet çekýärler. Çekilýän asylly zähmet ykbalyny mugallymçylyga bagyşlan her bir adama uly hormat, at-abraý getirýär.

Her ýylda gözel Diýarymyzyň diňe bir şäherlerinde däl, eýsem-de bolsa, iň uzak obalarynda-da dünýä ülňülerine kybap gelýän zamanabap saglyk öýleriniň, mekdepleriň, sport mekdepleriniň, stadionlaryň gurulmagy mugallymlaryň netijeli zähmet çekmegine giň mümkinçilikleri döredýär.Durmuşda zähmet çekilýän her bir ugurda nusga alarlyk ýol-ýörelgäniň bolmagy işde gowy netije gazanmagyň açarydyr.

Bu babatda mugallymlara nusga almak üçin görelde mekdebi bolup durýan belent şahsyýetlerimiziň zähmet ýollary bar.Mugallymlaryň zähmet ýoly, olaryň gazanýan üstünlikleri häzirki döwürde ylmy we çeper eserleriň sahypalaryny hem bezeýär.

Muňa hormatly Prezidentimiziň “Älem içre at gezer” romanynyň gahrymanlarynyň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.Eziz Arkadagymyz bu ajaýyp eserinde mähriban atasy, bütin ömrüni Watan mukaddesligine bagyş eden Berdimuhamet Annaýewiň durmuş we zähmet ýoly hakynda söhbet açýar.

Berdimuhamet aga öz mähriban pederi Anna aganyň göreldesine eýerip, ýaşaýan öýleriniň garşysyndaky tamda bejeriş işlerini geçirip, özüçe mekdep açyp, on iki ýaşynda wagty dokuz çaga hat-sowat öwretmäge girişýär we mugallym diýen beýik hem hormatly ada mynasyp bolýar.

Onuň soňky ykbaly hem mugallymçylyk bilen baglanyşykly bolupdyr.Berdimuhamet aga çagalara durnukly terbiýe bermegiň geljekde Watan rowaçlygynyň girewidigine jany-teni bilen düşünýär.Ol ir ertirden giç agşama çenli, hatda öýüne gelende hem köp wagtyny sapaklara taýýarlanmak, depderleri barlamak, ertirki geçiljek sapagyň netijeli we ýatda galyjy bolmagyny gazanmak üçin aladalanýar.

Süňňi, durky bilen mugallymçylyk işine berlen mugallym gije-gündiz çagalaryň aladasy bilen ýaşaýar.Döwür-döwran özgerdi.Berdimuhamet mugallym ýaly belent mertebeli şahsyýetleriň geçen manyly zähmet ýoly häzirki döwrüň mugallymlaryna nusga bolup galdy.

Munuň özi Watan, il-ýurt, ene topragyň rowaçlygy üçin çekilen zähmetiň, il-halkdan alnan at-abraýyň geljek nesillere nusga bolup galýandygyny görkezýär.Mugallymyň taýýarlygy, sapaklaryna çemeleşiş aýratynlygy, bilim bermekde döredijilik usullary, şahsy göreldesi ýaş nesilleriň geljekde ruhy taýdan sagdyn, giň gözýetimli, dünýä ylym-biliminden ýeterlik baş çykarýan adamlar bolup ýetişmegine ýardam edýär.Mälim bolşy ýaly, ýaňy-ýakynda mähriban Arkadagymyzyň “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby okyjylara gowuşdy.

Munuň özi synp sagatlarynda, sapaklarda kitapda beýan edilýän maglumatlary giňden peýdalanmaga ýardam etdi.Kawkaz sebitlerine, Türkiýä, Ýewropa, Siriýa, Hindistan ýaly ençeme ýurtlara baryp ýeten Beýik Ýüpek ýolunyň güneşli Diýarymyzda esasy ugrunyň bolandygy okyjylarda çuňňur gyzyklanmalary artdyrýar.

Kitapda beýan edilýän maglumatlar her bir okyjynyň ruhy dünýäsini buýsanja gaplap, geçmiş taryhymyza syýahata alyp gidýär.Ondaky rowaýatlar, tymsallar ýaş nesilleriň aňynda bilesigelijiligi oýaryp, ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişine bolan buýsanjy artdyrýar.Hormatly Prezidentimiz özüniň çuň manyly çykyşlarynda bilim bermek bilen bir hatarda ösüp gelýän ýaş nesillere zähmet we iş başarnyklaryny öwretmelidigimizi hem sargyt edýär. Çünki, fiziki zähmet sagdynlygyň we ruhubelentligiň girewi.Hormatly Prezidentimiziň mugallymlaryň öňünde goýýan wezipeleri olary öz işlerine has çuňňur çemeleşmäge borçly edýär.

Biz gelejekde-de bu borçlarymyza wepaly bolmak üçin güýç-gaýratymyzy gaýgyrman, netijeli zähmet çekeris.Goý, geljegimiz bolan ýaş nesiller hakynda gije-gündiz aladalanyp, mugallymlaryň döredijilikli zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Merdana halkymyz üçin durmuşa geçirýän bähbitli, belent işleri hemişe uly rowaçlyklara beslensin!

Nurjemal GELDIÝEWA,Daşoguz welaýatynyňGörogly etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen zenanlarynyň birnäçesi Türkmenistanyň Zenan kalby ordeni bilen sylaglandy
Gümrük statistikasyny toplumlaýyn seljermek üçin Ýewrotreýs“ programmasy ornaşdyryldy
07.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
27.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany