Aşgabat şäherinde 20 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi.
Türkmen metbugatynyň habar berşi ýaly, ýaryşda Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň okuwçysy Merýem Agajanowa ýurduň çempiony boldy. 16 ýaşly küştçi mümkin bolan 9 utugyň 8-sini gazanmagy başardy.
Bu ýeňiş Merýemiň bassyr ikinji çempionlygydyr. Gazanan üstünlikleri onuň sport ussatlygyna dalaşgäriň kadasyny doldurmagyna ýardam etdi. Zehinli gyz Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Annaberdiýewiň ýolbaşçylygynda kämilleşýär.
Çempion bolmagyna garaşylan lebaply küştçi gyz Lala Şöhradowa bolsa Merýemden ýarym utuk yza galyp, milli birinjiligi ikinji orunda tamamlady. Lalanyň mundan 8 ýyl ozal 9 ýaşa çenli mekdep okuwçylarynyň arasynda dünýäniň çempiony bolandygyny hem ýatladýarys.
Hormat münberiniň üçünji basgançagyna 6,5 utuk toplap bilen Ogulsuraý Baýramowa çykdy.
23-nji ýanwarda bolsa 20 ýaşa çenli oglanlaryň arasyndaky Türkmenistanyň çempionaty başlanar.