Ýaş işewürleriň arasynda festiwal geçiriler

Ýaş işewürleriň arasynda festiwal geçiriler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda ýaş işewürleriň we ýaşlar kärhanalarynyň arasynda Mahabat- üstünligiň açarydyr atly festiwaly geçiriler.

Festiwalyň esasy maksady — ýaş telekeçileriň we ýaşlar kärhanalarynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak, ýaşlary mahabat işiniň çygryna çekmek üçin höweslendirmeler ulgamyny ösdürmek hem-de dalaşgärleriň iň gowy başlangyçlaryny saýlap almak, dalaşgärleriň döredijilik ukyplaryny, başarnyklaryny, özboluşly çözgütlerini ýüze çykarmak, iň oňat mahabat önümini we mahabat nusgalaryny döretmek, Türkmenistanyň çäginde mahabat kampaniýalaryny geçirmek wezipelerinden ybaratdyr.

Bäsleşigiň esasy şertleri — jemgyýetiň bähbidine jogap berýän ýokary hilli mahabat roligini ýa-da başga bir mahabat önümini ýazmak, onuň bilen KHBS-niň wekillerini, türkmen MT pudagynyň hünärmenlerini çekmekdir.

Festiwalyň çäklerinde şu aşakdaky ugurlar boýunça bäsleşikler yglan ediler:

Durmuş mahabat bäsleşigi boýunça:

Ýörite bäsleşik boýunça Festiwaly guramaga we geçirmäge gatnaşýan ýaşlary goldaýan ýuridik we fiziki şahslar hem-de hemaýatkärler tarapyndan ýurdumyzda ýaýbaňlanan ýaşlar syýasaty boýunça ýörite bäsleşik yglan edilip bilner.

Festiwala gatnaşmak üçin 2023-nji ýylyň 20-nji maýyna çenli ýüz tutmany doldurmaly, şeýle hem döwlet tarapyndan hasaba alnandygy baradaky şahadatnamany, hukuk resminamalaryny tabşyrmaly, fiziki şahslar üçin pasport gerekdir. Hödürlenýän işler türkmen dilinde bolmalydyr.

Ýene degişli makalalar

12-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
13-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Eflatun Soçide Geçirilen Halkara Film Festiwalynda Ünsleri Özünde Jemledi
Türkmenistan Omskdäki ýaşlaryň döredijilik festiwalyna gatnaşdy
Aşgabatda Talyp joşguny 2024 döredijilik festiwaly geçirildi
12-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
11-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti