Ylymlar güni mynasybetli Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.Her ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guramagynda geçirilýän bu bäsleşige ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň we önümçilik birleşikleriniň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, orta hünär okuw mekdepleriniň okuwçylary şeýle-de ylmy işe höwesli dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşýarlar. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli ýaş harby gullukçylaryň hem gatnaşyp ýeňiji bolmagy Watanymyzyň asudalygyny goraýan milli goşunymyzyň ähli gerçeklerini buýsandyrdy.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň çagyryş boýunça harby gullukçysy Allamyrat Amanmädow, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 4-nji ýyl harby talyby Sanjar Joýtyýew hem-de şol ýokary okuw mekdebiň 3-nji ýyl harby talyby Mekan Ataballyýew, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby lukmançylyk fakultetiniň 6-njy ýyl talyby Hangeldi Rozyýew bäsleşigiň ýeňijileri boldular.
Milli goşun.