Ýaş estrada aýdymçylarynyň Ýylyň parlak ýyldyzy bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlendi

Ýaş estrada aýdymçylarynyň Ýylyň parlak ýyldyzy bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlendi

18-nji dekabrda paýtagtymyzda baýramçylyk çäreleriniň Täze ýyl maksatnamasynyň aýdyň wakalarynyň birine öwrülen Ýylyň parlak ýyldyzy 2021 döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Birnäçe tapgyrda geçirilen döredijilik çäresiniň jemleýji tapgyryna ýaş aýdymçylaryň 10-sy gatnaşdy, olara deslapky tapgyryň dowamynda teletomaşaçylar hem-de radiodiňleýjiler has köp ses berdiler.

Ses bermek tamamlanýar, dabarany alyp baryjylar bäsleşigiň jemlerini yglan edýärler. Ýaş aýdymçy Begençmyrat Çaryýew döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edilýär hem-de Ýylyň parlak ýyldyzy adyna mynasyp bolýar. Ýeňijä Ýylyň parlak ýyldyzy göçme Kubogy hem-de höweslendiriji pul baýragy gowşuryldy.

Baş baýrakdan başga-da, birinji, ikinji we üçünji orunlar üçin baýraklar göz öňünde tutuldy, olara, degişlilikde, Rüstem Hallyýew, Bahar Annaýewa we Baýramhan Saparow mynasyp boldular.

Ýene degişli makalalar

Begenç Çaryýew 2021-nji ýylyň "Parlak ýyldyzy" boldy
Ýurdumyzyň estrada we höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň arasynda yglan edilen Ýylyň parlak ýyldyzy atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
Dalaşgär 2024: Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Mary şäherindäki Jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebi
Türkmenistanyň döwlet energetika instituty
13.02.2018 | Olimpiýa şäherjiginde boks boýunça Türkmenistanyň çempionaty badalga aldy