Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalary bilen gezelenç guraldy

Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalary bilen gezelenç guraldy

13-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalarynyň gatnaşmagynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nusaýyň Parfiýa galalary döwlet medeni-taryhy ýadygärligine gezelenç guraldy. Gezelenjiň çäginde okuw sapagy geçirilip, ol Parfiýanyň diplomatik gatnaşyklaryna bagyşlanyldy. Bu barada TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, mekdep okuwçylary gezelenjiň dowamynda gadymy döwrüň beýik döwletleriniň biri bolan Parfiýa döwletiniň maddy medeniýetini we sungatyny özüniň arheologiýa gatlaklarynda saklap galan Köne we Täze Nusaý galalary bilen tanyşdylar.

Mundan başga-da, Nusaý taryhy-medeni döwlet ýadygärliginiň wekilleri galanyň taryhy barada gatnaşyjylara gyzykly maglumatlary gürrüň berdiler.Gezelenje gelen Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalary bolan talyplar we mekdep okuwçylary şol döwrüň diplomatik gatnaşyklary barada özara söhbetdeşlik etdiler hem-de pikir alyşdylar.

Ýene degişli makalalar

Daşoguzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini wagyz etmek boýunça ylmy duşuşyk
“Köneürgenç” ýadygärlikler toplumyna gezelenç guraldy
Gezelenç etmeli iň gowy ýerler
Nädip has köp suw içmegi endik edinmek barada 4 maslahat
TOMUSKY DYNÇ ALYŞ: kadalary berjaý ediň!
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny