Germaniýanyň Kubogy ýaryşynda “Bawariýa”, “Baýer”, “Aýntraht” hem-de “Saarbrukken” toparlary ýarym finala çykdy. “Bawariýa” çärýek finalda “Şalkeni” Kimmihiň 40-njy minutdaky goly bilen 1-0 hasabynda ýeňdi. “Baýer” topary “Ýunion Berlini” 3-1 (Bellarabi 72, Aranguis 86, Diabi 90+1 Ingwartsen 39), “Aýntraht” bolsa, “Werderi” 20 (Andre Silwa 45+6 p, Kamada 60) hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi.
Esasy wagty deňlikde (11) gutaran oýunda “Saarbrukken” öz meýdançasynda “Fortuna Düsseldorfy” penaltilerden soň utmagy başardy (7-6). Ýarym finalyň bijeleri ertir çekilip, duşuşyklar 21-22-nji aprelde oýnalar.