Ýaralanan Ysraýylly Esgerleriň Sany 4 Müň 881-e Ýetdi

Ýaralanan Ysraýylly Esgerleriň Sany 4 Müň 881-e Ýetdi

Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza Sektoryna garşy başladan hüjümlerinde ýaralanan ysraýylly esgerleriň sany 4 müň 881-e ýetdi.

Ysraýylyň harby goşunynyň görkezijilerine görä, soňky 24 sagatda esasy bölegi Liwanyň günortasyndaky çaknyşyklarda bolmak bilen ysraýylly 23 esger ýaralandy.

Gaza Sektoryna garşy başladylan gury ýer hüjümlerinde ýaralanan ysraýylly esgerleriň sany 2 müň 344-e ýetdi.

Ýaralanan esgerlerden 39-nyň ýagdaýy agyr.

2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri dowam edýän hüjümlerde ysraýylly 740 esger hem ýogaldy.

Ysraýylyň harby goşunynyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 42 müň 344, ýaralananlaryň sany bolsa 99 müň 13 adama ýetdi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan "Palestinanyň Geljegi" atly maslahatda çykyş etdi
“BMGHG-niň Ysraýyly Duruzmak Üçin Eýsem Näme Garaşýandygyny Bilesimiz Gelýär”
Arap Bileleşigi: "Ysraýyl Gazanyň demirgazygynda genosidi we deportasiýa etmegi maksat edinýär"
Eýran Günbataryň Sanksiýalaryny Ýazgardy
Prezident Erdogan, Albaniýada we Serbiýada Saparda Bolar
Ysraýyl Gazada soňky 24 sagatda ýene-de 2 aýry gyrgynçylyk etdi