Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär

15-nji awgustda Hazaryň kenarynda Döwlet serhet gullugynyň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Bu şanly waka Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary bilen şöhratlanýan Watanymyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň barha kämilleşdirilýändiginiň, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha gowulandyrylýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Serhetçileriň höwesjeň toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, harby orkestriň çykyşy hem-de eziz Watanymyza bolan söýgini wasp edýän sahna eserleri dabaranyň ruhubelentligini has-da artdyrdy. Ýerine ýetirilen kompozisiýalarda ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri, döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary öz beýanyny tapdy.

Täze toplum bilen tanyşlyk dolandyryş binasynyň tehniki taýdan üpjünçiligini, şol sanda häzirki zaman enjamlaryny synlamakdan başlandy. Ol ýokary halkara ölçeglere doly laýyk gelýär. Täze tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň, elektron kartanyň kömegi bilen Hazar deňzindäki ýolagçy we harby gämileriň hereketlerini synlamak, olaryň ýangyç we suw üpjünçiligini kesgitlemek bolýar.

Dolandyryş bölüminde alnan maglumatlar toplanylýar, işlenilýär hem-de harby gullukçylaryň ygtyýaryndaky tehniki serişdeleriň kömegi bilen bellenen ýerlere çaltlyk bilen iberilýär.

Harby gullukçylaryň syýasy-ynsanperwer, beden, taktiki we söweşjeň taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem olary watançylyk ruhunda terbiýelemek döwlet serhediniň mizemezligini, eldegrilmesizligini üpjün etmek işinde esasy talaplaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu ugurda zerur bolan işleriň guralmagyna aýratyn üns berýär.

Şundan ugur alnyp, toplumyň çäginde okuw binasy göz öňünde tutulypdyr. Bu bina hem iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Sanly ulgamyň we okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň ulanylmagy harby gullukçylara döwrebap bilimleri, harby gämileridir ugurdaş tehnikalary dolandyrmak başarnygyny ele almaga, deňiz giňişligine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Soňra dabara gatnaşyjylar toplumyň çäginde ýerleşýän gämi duralgasyna tarap ugradylar. Zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilen bu duralga gämileriň hem-de katerleriň howpsuz gelip durmagy üçin bildirilýän talaplara we kadalara laýyk gelýär.

Bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet senasynyň owazynyň astynda Döwlet baýdagy belende galdyrylýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna doly laýyk gelýän we diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Watanymyzyň deňiz serhetleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde Milli goşunymyzyň beýleki kysymlary bilen bir hatarda, iň täze tehnikalar we enjamlar, dürli görnüşli gämiler bilen üpjün edilmeginiň hasabyna, şeýle hem öz gämilerimizi gurmak arkaly ýurdumyzyň Harby-Deňiz Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady barha pugtalandyrylýar.

Dabaranyň barşynda ýygnananlar deňiz serhetçileriniň ygtyýarynda bar bolan ýokary tizlikli gäminiň tehniki görkezijileri we aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy. Dürli görnüşli döwrebap katerleriň we gämileriň kömegi bilen deňizçiler mukaddes borçlaryny birkemsiz berjaý edip, Türkmenistanyň deňiz serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün edýärler.

Toplumyň çäginde zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilen 200 orunlyk ýatakhananyň binasy ýerleşýär.Bu ýerde deňizçi serhetçileriň göwnejaý dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilipdir, okuw otaglary hem-de beýleki durmuş maksatly otaglar göz öňünde tutulypdyr. Şunuň bilen birlikde, “Galkynyş” otagy, baý gaznasy bolan döwrebap kitaphana hem harby gullukçylaryň ygtyýaryndadyr.

Bu bolsa deňizçi serhetçileriň medeniýetli dynç almaklaryna hem-de özlerini gyzyklandyrýan maglumatlar bilen tanşyp, bilimlerini artdyrmaklaryna ýardam edýär.Umuman, täze binalar toplumynda serhetçileriň boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri, edebiýat, çeper döredijilik bilen gyzyklanmaklary üçin zerur bolan mümkinçilikler üpjün edilipdir.

Täze desgalaryň hatarynda halkara standartlara laýyk gelýän öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen lukmançylyk bölümi hem bar. Bu ýerde lukmanlar tarapyndan serhetçilere we olaryň maşgala agzalaryna ýokary hilli hyzmatlaryň edilmegi üçin ähli şertler döredildi.

Desgalaryň hatarynda otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan 48 öýli, üç gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi bar. Olarda Watan goragçylarynyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklary üçin zerur şertler göz öňünde tutuldy.

Dabaraly çäräniň çäklerinde Döwlet serhet gullugynyň täze desgalar we binalar toplumyna hormatly Prezidentimiziň adyndan awtoulag serişdeleri gowşuryldy.

Umuman, şu dabaraly waka Harby doktrinanyň wezipeleriniň, şol sanda Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şeýle hem harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

Harby-Deňiz Güýçleri eziz Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goragynda
Döwletimiziň Deňiz çäkleriy gtybarly goralýar
Liwanda türk raýatlar ewakuasiýa edilýär
ABŞ-nyň öňki Prezidenti Jimmi Karter 100 ýaşyny baýram edýär
TJG Anadoly gämisi bir hepdäniň dowamynda raýatlara açyk bolar
TJG Anadoly gämisi halk köpçüligine açylar