ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, düýn gije Alabamede we Kentukkide guralan ýaragly hüjümlerden soň Kongrese ýaraglanma kanuny hakynda herekete geçmekleri üçin çagyryş berdi.
Prezident Baýden mesele hakynda beren ýazmaça beýannamasynda, Alabamanyň Dadawil şäherinde ýaş ýigidiň doglan gününde azyndan 4 adamyň öldürilmegine, Kentukkiniň Luiswil şäherinde hem seýilgähde od açylmagy sebäpli 2 adamyň öldürilmegine gynanç bildirýändiklerini nygtap, ýaralananlar üçin doga edýändiklerini belledi.
“Ýaraglar, Amerikada çagalaryň ganhory we sanlary azalmaýar, tersine artýar. Bu diýseň elhenç we kabul edilmesiz” diýen Baýden, Amerikalylaryň ýaraglanmagy meselesinde halk deputatlarynyň parasatly çemeleşmegini isleýändiklerini belledi.
Prezident Baýden, hüjüm ýaraglarynyň gadagan edilmegi ýaly meselerde Kongrese işe girişmekleri üçin ýene-de bir gezek çagyryş berdi.
Alabama ştatynyň Dadawil şäherinde düýn gije ýaş ýigidiň doglan gününde guralan hüjümde 4 adam ýogalypdy, azyndan 20 adam hem ýaralanypdy.
Kentukki ştatynyň Luiswil şäherinde hem düýn gije seýilgähde guralan hüjümde 2 adam ýogalypdy, 4 adam ýaralanypdy.