Ýapyk Türkmenistan Internet giňişligini giňeldýän wagty, Google Terjime türkmen dilini goşdy

Ýapyk Türkmenistan Internet giňişligini giňeldýän wagty, Google Terjime türkmen dilini goşdy

Türkmenistanda ähli edara-kärhanalardan, şol sanda hususy telekeçilerden 2021-nji ýyla çenli öz web-saýtlaryny döretmek talap edilýär.Lebabyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde okuwçylaryň ýetişigini hasaba almak üçin ulanylýan mekdep žurnallary sanly ulgama geçirilýär.

Bu maglumatlaryň fonunda, Google Translate bäş täze dili, şol sanda türkmençäni öz bazasyna goşdy. 27-nji fewralda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken kararyna laýyklykda ýurduň ähli edara-kärhanalaryndan, şol sanda hususy telekçilerden 2021-nji ýylyň ýanwaryna çenli elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlaryny döretmek, galyberse-de, olary işjeň täzeläp durmak talap edilýär.

Bu barada TDH habar berýär.Resmi maglumata görä, bu çäreler Türkmenistanda 2019 2025-nji ýyllarda sanly ulgamlary ösdürmegiň Konsepsiýasyny, şeýle-de Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäginde amal edilýär.

Noýabryň aýagynda Türkmenistan ilkinji gezek e.gov.tm çelgili döwlet elektron portalyny işe girizdi.Resmi maglumata görä, bu portalyň üsti bilen raýatlara döwlet hyzmatlary baradaky maglumatlary anyklamaga mümkinçilik döredilýär.

Maglumat üçin aýdylsa, BMG-niň dünýäde elektron hökümet ulgamlarynyň ornaşdyrlmagy boýunça 2018-nji ýyl üçin çap eden soňky hasabatynda Türkmenistan bu ugurda 193 ýurduň arasynda 147-nji orunda ýerleşdirildi.

Geçen ýyl “Ookla” kompaniýasynyň “SpeedTest” onlaýn tizlik barlag platformasy arkaly geçiren barlaglaryna görä, Internetiň öýlere ýa-da edara-kärhanalara hödürlenýän görnüşiniň (“fixed broadband”) tizligi boýunça Türkmenistan 179 ýurduň arasynda geçirilen barlagda dünýäde iň yzdaky orny eýeledi. 28-nji fewralda Azatlyk Radiosynyň ýurt içinden habar bermegine görä, Lebap welaýatynyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde okuwçylaryň ýetişigini hasaba almak üçin ulanylýan mekdep žurnallary sanly ulgama geçirilýär. “Lebabyň welaýat Bilim müdirligi mekdeplerde onlaýn sanly žurnallary ornaşdyryp başlady.

Okuwçylaryň alan bahalary elektron žurnallara geçiriler we olaryň ýetişigi gözegçilikde saklanar” diýip, Azatlygyň habarçysy maglumat berdi. Ýöne bu çäreler, habarçynyň maglumatlaryna görä, mugallymlaryň hasabyna durmuşa geçirilýär.Internet we sanly ulgamlar bilen bagly Türkmenistandan gelip gowuşýan maglumatlaryň fonunda, Google Translate 27-nji fewralda öz terjime edýän dilleriniň hataryna bäş täze dili, şol sanda türkmen dilini goşdy. “Käbir dillerde onlaýn kontent, maglumat o diýen köp däl, şonuň üçin olary ulgama girizmek kyn. Şol bir wagtyň özünde, bu dillere terjime edilen materiallaryň hili ýokarlanýar Google Terjime jemgyýeti muňa işjeň goşant goşýar.

Munuň netijesinde, soňky dört ýylda ilkinji gezek täze dilleri - tatar, türkmen, uýgur, ruanda we oriýa dillerini goşduk” diýip, Google Terjimäniň programma üpjünçilik inženeri Isak Kaswell aýtdy.Täze dilleriň goşulmagy bilen Google Terjime häzirki wagtda 108 dilde terjime etmäge ukyplydyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär.

Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz.Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

“Google terjimä” 110 täze dil goşuldy
Google Translate indi türkmen dilini oflaýn ýagdaýda hem goldaýar
Türkmenleriň gender deňligi babatdaky tagallalary we Google Terjimäniň 'gender stereotipleri'
Ýapyk Türkmenistan Internet giňişligini giňeldýän wagty, Google Terjime türkmen dilini goşdy
"Google Translate"-de lukmançylyk görkezmeleriniň terjimesi howply bolup çykdy
40 dile terjime edýär