Merkezi Aziýa we Ýaponiýa ýurtlarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilleri iş maslahatyny geçirdiler. 12—nji maýda geçirilen duşuşygyň dowamynda Ýaponiýanyň ilçisi jenap Işikane Kimihiro, Howpsuzlyk Geňeşiniň agzasy hökmünde Ýaponiýanyň alyp barýan işleri barada gysgaça maglumat berdi, hususan-da Geňeşiň sebit howpsuzlygyny berkitmek ugrundaky işine ünsi çekdi. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky diplomaik wekilhanasy habar berýär.
Bellenilişi ýaly, duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hemişelik wekilleri sebitdäki ýurtlaryň we Ýaponiýanyň BMG-däki hyzmatdaşlygy, şeýle hem daşary işler ministrleriniň 2022-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Tokioda geçirilen duşuşygynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi barada gürrüň berdiler. Mundan başga-da, sebitde we goňşy ýurtlarda işleýän BMG agentlikleriniň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystandaky wekilhanasynyň (UNAMA) işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga üns berildi.