Ýaponiýanyň täze Premýer-ministri

Ýaponiýanyň öňki goranmak ministri, 67 ýaşly Sigeru Isiba dolandyryjy Liberal-demokratik partiýanyň (LDP) başlyklygyna saýlanandan soň 1-nji oktýabrda ýurduň parlamentinde Premýer-ministri wezipesine saýlandy.

Deputatlaryň aglaba köplügi oňa ses berdi. Esasy aşaky palatada geçirilen ses berişlikde Isiba 465 sesden 291 ses aldy. Konstitusion-demokratik partiýanyň başlygy Ýosihiko Noda 100 ses aldy. Imperator Naruhito Isibany hökümet Baştutany wezipesine tassyklandan soň, ol ýurduň taryhynda 102-nji Premýer-ministr bolar.

Ýaponiýanyň täze Premýer-ministri Sigeru Isiba Keio uniwersitetiniň hukuk fakultetini tamamlady we Mitsui bankynda işledi. Ol bäşinji gezek LDP-niň başlygy wezipesine dalaş edipdi we munuň partiýanyň iň ýokary wezipesi ugrunda iň soňky synanyşygy boljakdygyny aýdypdy. Ol dürli ýyllarda goranmak ministri, oba hojalygy ministri we hökümetiň baş sekretary bolup işledi.

Saýlaw kampaniýasy wagtynda ýurduň goranyş ukybyny we sebitdäki köpçülikleýin howpsuzlyk ulgamyny güýçlendirjekdigini aýtdy. Şeýle hem ol saýlawçylaryň LDP-ä bolan ynamyny dikeltmek üçin işlejekdigini wada berdi we tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak boýunça ministrligi döretmegi teklip etdi.

Hökümet täze Premýer-ministri tassyklamak üçin 1-nji oktýabrda parlamentiň nobatdan daşary mejlisini geçirdi. Şeýle hem, 27-nji oktýabrda parlamentiň aşaky palatasyna möhletinden öňki saýlawlary geçirmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Işiba Şigeru Gaýtadan Ýaponiýanyň Premýer-ministrligine Saýlandy
Sigure Isiba Ýaponiýanyň täze Hökümet başlygy boldy
Sigure Isiba Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlandy
Işiba Şigeru Ýaponiýanyň Premýer-ministrligine Saýlandy
Şawkat Mirziýoýew Gaýtadan Prezidentlige Saýlandy
Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlady