
Ýaponiýanyň Meteorologiýa agentliginiň berýän habaryna görä, ýurdyň Kagosima welaýatynyň Osumi ýarymadasyndaky Sakuradzima wulkanynda bolan partlamada kraterden çykan wulkan akymy takmynan 2 kilometre çenli ýaýrady.
Ýaponiýanyň Meteorologiýa agentligi wulkanyň howplylyk derejesini halkyň wulkanyň golaýyna golaýlaşmazlygyny öz düzüminde jemleýän 3-nji derejä ýetirdi.
Kýodo habarlar agentliginiň ýerli ýolbaşçylara esaslanyp beren habaryna görä, wulkanyň golaýynda ýerleşýän Tarumizuda we Kagosimada ýogalan ýa-da ýaralanan adam ýok.
Sakuradzima wulkany Ýaponiýanyň iň işjeň wulkany hökmünde bilinýar we 2016-njy ýylyň fewral aýyndan bäri wulkana 2 km az aralyga çenli golaýlaşylmagyna rugsat berilmeýär.