Ýaponiýanyň Premýer-ministri ikinji möhlete saýlanmakçy däl

Ýaponiýanyň Premýer-ministri ikinji möhlete saýlanmakçy däl

Ýaponiýanyň Hökümet başlygy Fumio Kisida 2024-nji ýylyň sentýabrynda ikinji möhlete saýlanmak üçin dalaşgärlik etmekçi däldigini habar berdi. Ol metbugat maslahatynda bu gelen netijesini Jemgyýet üçin şeýle etmegim peýdaly bolar diýip düşündirdi.

Kisida ýurtda dolandyryjy Liberal-demokratik partiýanyň (LDP) başlygydyr. Onuň sözlerine görä, partiýa özgerişlikler gerek, munuň üçin bolsa aýdyň we açyk saýlawlar hem-de erkin pikir alyşmalar gerek. Bu barada Kyodo neşirine salgylanýan MIR 24 habar berdi.

Kisidanyň oruntutary hökmünde öňki goranmak ministri Sigueru Isibanyň we sanly tehnologiýalar ministri Tarp Kononyň ady getirilýär.

67 ýaşly Fumio Kisida LDP-ä 2021-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär. Şol ýylyň oktýabrynda ol Premýer-ministriň wezipesine saýlandy.

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýanyň Hökümet başlygy Parlamenti dagatdy
Işiba Şigeru Ýaponiýanyň Premýer-ministrligine Saýlandy
Sigure Isiba Ýaponiýanyň täze Hökümet başlygy boldy
Ýaponiýanyň täze Premýer-ministri
Işiba Şigeru Ýaponiýanyň Täze Premýer-ministri Boldy
Merkezi Aziýanyň DIM-leriniň başlyklary Ýaponiýada gepleşikleri geçirerler