Ýaponiýanyň öňki premýer-ministri Sindzo Abe anna güni janyna kast edilenden soň aradan çykdy. Bu barada Ýaponiýanyň jemgyýetçilik telewideniýesi habar berýär diýip, TASS belleýär.
Ýaponiýanyň dolandyryjy Liberal Demokratik partiýasynyň wekiliniň maglumatlaryna görä, Abe janyna kast edilenden soň ýerleşdirilen Nara prefekturasyndaky hassahanada aradan çykdy.Belläp geçsek, Abeniň janyna kast etme 8-nji iýulda günortana golaý 10-njy iýulda geçiriljek parlamentiň ýokarky palatasy üçin saýlawlaryň öňüsyrasynda saýlaw kapmaniýasynyň çäginde Nara şäherinde çykyş eden wagty bolup geçdi. 41 ýaşly ýaponialy Tesuýa Ýamagami ot açýan ýarag bilen ony iki gezek atdy.
Abe halas ediş gulluklarynyň dikuçary bilen hassahana äkidildi.Lukmanlar oňa gan goýberip, birnäçe sagatlap onuň janyny halas etmegiň ugrunda göreşdiler.Kast ediji özüniň hereketini Abeniň syýasatyny we özüni alyp barşyny halamandygy bilen düşündirdi, ýöne öňki premýer-ministriň göni syýasy garaýyşlaryna hiç hili garşylygynyň bolmandygyny belledi.