Ýaponiýanyň mirasdar şazadasy we şagyzy Türkiyede saparda bolýar

Ýaponiýanyň mirasdar şazadasy Fumihito we mirasdar şagyzy Kiko, iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 100-nji ýyly mynasybetli Türkiyä geldiler.

Ýaponiýanyň mirasdar şazadasy Fumihito we mirasdar şagyzy Kiko paýtagt Ankara şäherinde ilki bilen Türkiye Respublikasynyň esaslandyryjysy Beýik lider Mustafa Kemal Atatürkiň aramgähiniň ýerleşýän ýeri bolan Anytkabiri zyýarat etdiler, Atatürk mawzoleýine wenok goýdular we hormatly dymyşlyk etdiler.

Ýaponiýanyň mirasdar şazadasy Fumihito we mirasdar şagyzy Kiko prezident Rejep Taýýip Erdogan we aýaly Emine Erdogan tarapyndan kabul edilerler.

7-nji dekabra çenli dowam etjek saparda, şazada we şagyzy Stambulda sosial we medeni çärelere gatnaşarlar, Kyrşehir welaýatynyň Kaman etrabynda gazuw-agtaryş işleri türk we ýapon arheologlar tarapyndan bilelikde amala aşyrylýan Kalehöýüke baryp görerler.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Ukrainaly kärdeşi Zelenskiý bilen duşuşyk geçirdi
Ýaponiýanyň mirasdar şazadasy we şagyzy prezident Erdogan tarapyndan kabul edildi
Respublika Baýramy Dabaraly Ýagdaýda Bellenilip Geçilýär
“Güýçli Türkiýe Maksadyndan Asla Ýüz Öwürmeris”
Şu gün 29-njy Oktýabr Respublika Baýramy…
Finlýandiýanyň Prezidenti Stubb TBMM-niň Başlygy Numan Kurtulmuş Bilen Duşuşdy