Ýaponiýanyň Ministrler Kabineti täzelendi

Ýaponiýanyň Ministrler Kabineti täzelendi

Ýaponiýanyň Ministrler Kabineti doly düzümde iş başyndan gitdi, Premýer-ministr Fumio Kisida ministrleriň işden gitmek barada ýüztutmalaryny kabul etdi diýip, MIR 24 habar berýär.

Ýurtda Hökümetiň täze düzümi yglan edildi, ony Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary Hirokadzu Masuno yglan etdi.

Ýurduň daşary işler ministri wezipesine Sindzo Abeniň hökümetinde ýustisiýa ministri bolup işlän Ýeko Kamikawa bellendi.

Kyodo habarlar gullugynyň habaryna görä, täze hökümetde bäş zenan peýda boldy, bu taryhda ilkinji gezekdir. Ýagny dikeldiş işleri boýunça ministr wezipesine Sinako Sutiýa, sebitleri dikeltmek ministri wezipesine Hanako Dzimi, çagalar syýasaty ministri edilip, Aýuko Kato bellendi. Sanae Takaiti ykdysady howpsuzlyk ministri wezipesinde galdyryldy.

Täze hökümetde Premýer-ministr Kisidony hasaba almanyňda, 19 adam bar. 13 adam çalşyldy, olaryň 11-si Ministrler Kabinetiniň düzümine ilkinji gezek girdiler.

Ýene degişli makalalar

3-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ilçi Atadurdy Baýramow Ýaponiýada işe başlady
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky täze ilçisi ýurduň Daşary işler ministrliginde kabul edildi
Türkmenistanyň welaýatlarynda resmi LC Waikiki dükanlary açylary, 2022-nji ýylyň 1-nji awgusty boýunça ýurdumyzda 2152 sany bankomat hereket edýär, Aşgabatdaky iş orunlarynyň ýarmarkasyna 45 sany hususy kärhana gatnaşdy
Türkmen ilçisi: Türkmenistandaky ýapon kompaniýalarynyň alyp barýan işleri aýratyn ähmiýetlidir
Kisida Gurbanguly Berdimuhamedowy Ýaponiýa çagyrýar