ÝAPONIÝANYŇ KAWASAKI HEAVY INDUSTRIES, LTD. KOMPANIÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK

ÝAPONIÝANYŇ KAWASAKI HEAVY INDUSTRIES, LTD. KOMPANIÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK

2021-nji ýylyň 18-nji martynda Ýaponiýanyň Kawasaki Heavy Industries, Ltd. kompaniýasynyň prezidenti T.Watanabe bilen Türkmenistanyň Döwlet ministri Türkmengaz döwlet konserniň başlygy B.Amanowyň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Ýaponiýanyň Kawasaki Heavy Industries, Ltd. kompaniýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we gelejegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ahal welaýatynda tebigy gazdan ekologiki taýdan arassa sintetiki benzin öndürýän senagat toplumynyň (GTG) kepillik möhletiniň tamamlanmagy bilen bagly meselelere aýratyn üns çekildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetini belläp geçdiler hem-de özara bähbitli gatnaşyklary has hem işjeňleşdirmegiň täze ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.

Ýene degişli makalalar

Gazagystanda “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” dialogynyň işewürlik maslahaty geçirildi
“Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň işewürlik maslahaty
Türkmenhimiýa döwlet konserni bilen Ýaponiýanyň Kawasaki Heavy Industries Ltd. kompaniýasynyň arasynda iki şertnama gol çekildi
Ýaponiýanyň NEXI agentligi Türkmenistandaky taslamalaryň maliýeleşdirilmegine gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady
Türkmen wekiliýeti Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar
Türkmenistan Kawasaki kompaniýasy bilen Marykarbamid zawodynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmakda hyzmatdaşlyk eder