Ýaponiýanyň Imperatory hökümetiň täze düzümini tassyklady

Ýaponiýanyň Imperatory hökümetiň täze düzümini tassyklady

Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito ýurduň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň geçiren özgerişliklerinden soňra hökümetiň täze düzümini tassyklady. Resmi dabara Tokiodaky Imperator köşgünde geçdi. Bu barada TASS habar berdi diýip, Trend ýazýar.

Ministrler Kabinetiniň düzüminiň Imperator tarapyndan tassyklanmagy Ýaponiýanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hökman geçirilýän kadadyr. Dabaranyň dowamynda ministrler nobatma-nobat monarhyň elinden wezipä bellenendikleri baradaky ýörite resminamany kabul edýärler.

Hökümetdäki wezipä bellenen 19 ministriň hatarynda 9 ministriň ilkinji gezek düzüme girýändigi habar berilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýada bolan ýertitremä gynanç bildirdi
Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň Imperatoryna ynanç hatyny gowşurdy
Britanlar Şa zenany bilen hoşlaşdylar
Aşgabatda Ýaponiýanyň Imperatorynyň doglan güni mynasybetli kabul edişlik guraldy
Müňlerçe ýaponiýalylar Imperatory gutlamak üçin köşge geldiler
Täze hökümeti tassyklady