Ýaponiýanyň agrar pudagy şalydan bugdaýyň önümçiligine geçýär

Ýaponiýanyň agrar pudagy şalydan bugdaýyň önümçiligine geçýär

Ýapon fermerleri öz hojalyklaryny üýtgedip gurmagy maksat edinýärler we şalynyň ýerine bugdaý ýetişdirmekçi bolýarlar. Japan Today gazetiniň ýazmagyna görä, muňa ýurduň Oba, tokaý we balyk hojalygy ministrliginiň geçiren pikirsoraşmasynyň netijeleri güwä geçýär.

Şeýle karara daýhanlary bugdaýyň häzirki ykdysady kynçylyklar sebäpli emele gelen nyrh ýokarlanmagy iterdi. Apreliň aýagynda geçirilen pikirsoraşma laýyklykda, Ýaponiýanyň prefekturalarynyň 47-sinden 37-si şaly meýdanlarynyň möçberini 35 müň gektara çenli kemeltmekçidiklerini mälim etdiler. Häzir Ýaponiýada bugdaýa islegiň ýokarydygyny bellenýär.

Ýurt bugdaýyň 80 göterimini daşyndan satyn alýar. Harydyň bahasy-da barha ýokarlanmak bilen. Emma şala bolsa, isleg kemelýär. Muňa pandemiýa döwründe ýarym salkyn işlemäge mejbur bolan ýerli garbanyşhanalarda bu önüme bolan islegiň azalmagy görnetin täsir etdi.

Ýene degişli makalalar

26-njy iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Kriptopuly kabul eder
Halkara awiakompaniýalaryň birnäçesi 5G zerarly ABŞ-a uçuşlary ýatyrmakçy
Altyn ieroglifi Ýaponiýada 2021-nji ýylyň nyşany boldy
Ýaponiýada ömrüň ortaça dowamlylygy ýokarlanýar
TURKMENISTAN AND UNOPS: NEW LANDMARKS OF COOPERATION FOR THE ATTAINMENT OF THE SUSTAINABLE DEVELOPMENT GOALS