Ýaponiýanyň 3-nji çempionlygy

AZIÝA KUBOGY 2004 XVII Aziýa Kubogyna tarap

Futbol boýunça Aziýa Kubogynyň 13-njisi Hytaýda geçirilip, oňa 16 ýygyndy gatnaşýar. 2004-nji ýylyň 17-nji iýuly 7-nji awgusty aralygynda geçirilen çempionatyň duşuşyklary Hytaýyň 4 şäherinde oýnalýar.

Bu ýaryşa Türkmenistanyň ýygyndysy-da gatnaşyp, ildeşlerimiz ilkinji gezek yklymyň iň uly bäsleşiginde çykyş edýär.Milli ýygyndymyzdan başga-da Omandyr Iordaniýanyň toparlary-da ilkinji gezek çempionata gatnaşýar.“A” toparçada ýer eýeleri Hytaýyň ýygyndysy Bahreýniň, Indoneziýanyň we Kataryň milli toparlary bilen duşuşýar.

Hytaýlylar ilki Bahreýn bilen 1 utugy paýlaşsa, olar 2-nji duşuşyklarynda Indoneziýany 50 hasaby bilen ýeňýär. Ýer eýeleri 3-nji duşuşygynda-da Katardan 10 hasabynda üstün çykýar.Olar toparçada 1-nji orny eýeleýär.

Hytaýdan soň, Katar bilenem deňme-deň oýnan Bahreýn 3-nji duşuşygynda Indoneziýany 31 hasabynda utup, çärýek finala adyny ýazdyrýar. “B” toparçanyň ilkinji duşuşygynda, has takygy, Günorta Koreýa bilen Iordaniýanyň arasyndaky oýunda hasap açylmaýar.

Soňlugy bilen 2 ýygyndy hem toparçada 12-nji orunlary eýeleýärler.Olaryň ikisi-de 2-nji oýunlarynda 20 hasabynda ýeňiş gazanýarlar.Günorta Koreýa BAE-ni, Iordaniýa bolsa, Kuweýti 20 hasaby bilen utýar.

Koreýler toparçadaky jemleýji duşuşygynda-da Kuweýtiň torundan jogapsyz 4 pökgi girizýär. “C” toparçada Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky oýunda ýeňiş gazanan bolmaýar.Ilkinji bolup hasaby açan ildeşlerimiz 90+3-nji minutda-da hasaby deňleýär (22; Al Kahtani 9 p, 59 N.

Baýramow 6, B.Kulyýew 90+3). Özbegistan Kasymowyň ýeke-täk goly bilen Yrakdan 10 üstün çykýar. 2-nji oýunlarda Yrak Türkmenistanyň ýygyndysyny 32 ((H.Mohammed 12, Farhan 80, Munir 88 — W.

Baýramow 14, B.Kulyýew 85), Özbegistan bolsa, Saud Arabystanyny 10 ýeňlişe sezewar edýär.Iki goňşy ýurduň ýygyndylarynyň duşuşygynda-da özbekler ildeşlerimizden Kasymowyň ýeke-täk goly bilen üstün çykýar.

Yrak Saud Arabystanyny 21 ýeňip, çärýek finala ýollanma gazanýar. “D” toparçada Ýaponiýa 1-nji oýunda ýaryşyň debýutanty Omany Nakamuranyň ýeke-täk goly bilen ýeňýär.Eýran hem Tailandyň ýygyndysyndan 30 üstün çykýar.

Oman bilen Eýran 22 deňme-deň oýnan bolsa, Ýaponiýa Tailandy 41 hasabynda utýar. 3-nji duşuşyklarda Eýran bilen Ýaponiýanyň arasyndaky oýunda hasap açylmaýar.Oman Tailandy 20 utsa-da, toparçada 3-nji ýeri eýeleýär. 12-nji orunlardaky Ýaponiýa bilen Eýranyň ýygyndylary çärýek finalçy bolýar.Çärýek finalda Özbegistan bilen Bahreýniň arasyndaky oýnuň esasy we goşmaça wagty 22 deňlikde tamamlanýar.

Penaltilerde 43 öňe saýlanan bahreýnliler ýarym finala çykýar.Hytaý Çžen Çžiniň 2 gol geçiren oýnunda (ikisem penaltiden) Yragyň ýygyndysyny 30 ýeňýär. Ýaponiýa bilen Iordaniýa 11 deňme-deň oýnap, penaltilerde 43 ýeňiş gazanan ýaponlar ýarym finala ýollanma alýar. 7 gol geçirilen duşuşykda Eýranyň milli topary Günorta Koreýanyň ýygyndysyndan 43 üstün çykýar.

Duşuşykda Ali Karimi (10, 20, 77) het-trik edýär.Ýarym finaldaky oýunlaryň esasy wagtlary deňlikde tamamlanýar.Esasy wagty 33 deňlikde gutaran duşuşykda Ýaponiýa Tamadanyň 93-nji minutdaky goly bilen Bahreýni 43 ýeňýär we 3-nji gezek finala çykýar (Nakata 48, Tamada 55, 93, Nakazawa 90 A.

Hubail 7, 71, Naser 85).Bu duşuşyk ýaryşyň taryhyndaky ýatdan çykmajak oýunlaryň biri bolýar.Hytaý bilen Eýranyň arasyndaky oýunda ilki ýer eýeleri 18-nji minutda Şao Žiaýi bilen öňe saýlanýar. 38-nji minutda-da Alawi hasaby deňleýär.

Galan wagtda gol hasaba alynmaýar.Netijede, penaltilerde 43 üstünlik gazanan hytaýlylar 1984-nji ýyldan soň, 2-nji ýola finala adyny ýazdyrýar.Finaldan öň 3-nji ýer üçin oýnalan duşuşykda Eýranyň ýygyndysy Bahreýniň milli toparyny 42 hasabynda ýeňlişe sezewar edýär. 2-nji gezek bürünç medala mynasyp bolan Eýranyň gollaryny Nekunam, Karimi we Ali Daei (2) derwezä girizýär.Ýer eýeleri Hytaý bilen Ýaponiýanyň arasyndaky final duşuşygy 7-nji awgustda Pekindäki “Işçiler” stadionynda oýnalýar. 62 müň janköýeriň tomaşa eden oýnunda kuweýtli Saad Kamil Al-Fadhi jürlewük çalýar.

Duşuşygyň 1-nji ýarymynda toparlaryň hersi 1 gol geçirýär. 22-nji minutda Fukunişi ýaponlary öňe saýlasa, 31-nji minutda Li Min hasaby deňleýär. 2-nji ýarymda-da, Ýaponiýa 2 pökgini garşydaşynyň derwezesinden geçirýär. Şol gollary 65-nji minutda Nakata, 90+1-nji minutda-da Tamada öz adyna ýazdyrýar. Şeýlelikde, 31 hasabynda ýeňşini baýram eden Ýaponiýa bassyr 2-nji, umumylykda-da 3-nji gezek yklymyň iň uly kubogyny eýeleýär.Çempionatyň iň ökde oýunçysy diýlip, Ýaponiýadan Şunsuke Nakamura saýlanýar. 5 gol geçiren bahreýnli A’ala Hubail bilen eýranly Ali Karimi çempionatyň netijeli hüjümçileri bolýar.

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýanyň iň gymmat sygry: 30 million ýen
28.09.2017 | Ýurdumyzyň sportda iň oňat halypalaryna Türkmenistanyň at gazanan tälimçisidiýen at dakyldy
Ýurdumyzyň sportda iň oňat halypalaryna Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi diýen at dakyldy
18.01.2018 | Türkmenistan we Ýaponiýa telekommunikasiýalar we maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýär
Türkmenistan we Ýaponiýa telekommunikasiýalar we maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýär